Türkýäniň energiýa we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow bilen Türkiýe-Azerbaýjan tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdiler.
Stambulda geçirilen gol çekişlik dabarasyndan soňra çykyş eden türk ministri Baýraktar bu ylalaşygyň birnäçe tarapynyň bardygyna ünsi çekip, 2030-njy ýyla çenli Azerbaýjanyň tebigy gazynyň Türkiýä akdyrylmagyny, şeýle hem Türkiýäniň üstünden Ýewropa ýetirilmegine garaşýandyklaryny belledi. Ministriň sözlerine görä, esasy zat bolsa, bu ylalaşygyň netijesine görä, Türkmenistanyň tebigy gazynyň Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä akdyrylmagy barada hem ylalaşylandygyny aýtdy.
Şeýle hem Baýraktar Türkiýe bilen Azerbaýjanyň bilelikde turbageçiriji taslamasyny durmuşa geçirendiklerini belläp, bu gyşda Ygdyr-Nahçewan tebigy gaz geçirijisi arkaly Nahçewanyň gazynyň Türkiýäniň üsti bilen akdyryljakdygyny, iň gysga wagtda bu geçirijini işe girizmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.