ABŞ-nyň çempionaty MLS-de “Inter Maýami” bilen “San Diego” toparlary duşuşyp, oýun 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Duşuşykda “Inter Maýaminiň” gollaryny Lionel Messi (24) bilen Luis Suares (74) geçirdi. Myhmançylykda “San Diego” toparynyň gollaryny bolsa Anders Dreýer (12, 82) öz adyna ýazdyrdy.
Super ýyldyz Lionel Messi özüniň goluny jerime urgusyndan geçirdi. Bu onuň karýerasy boýunça jerime urgusyndan geçiren 75-nji goly boldy. Şeýlelikde, Messi futbolyň taryhynda jerime urgusyndan iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda 2-nji ýere geçdi. 39 ýaşyndaky Messi braziliýaly Žairden öňe saýlandy. Bu ugurda Messiniň öňünde diňe 1 futbolçy galdy. Ol hem başga braziliýaly futbolçy Marselinio Karioko bolup, onuň jerime urgusyndan geçiren 78 goly bar. Başgaça aýdylanda, Messi ýene-de 4 gol geçirse, taryhy bu rekordyň hem eýesi bolar. Messi bu sanawda 5 sany brazil futbolçysyny yzda galdyrmagy başardy. Ähli görkezijilerde Messi bilen deňeşdirilýän Kristiano Ronaldonyň häzirki wagtda jerime urgusyndan 65 goly bar.
Umumylykda, Lionel Messiniň geçiren şol goly onuň karýerasyndaky 930-njy gol hökmünde hasaba alyndy.
Jerime urgusyndan iň köp gol geçiren 10 futbolçy:
Marselinio Karioko (Braziliýa) – 78 gol
Lionel Messi (Argentina) – 75 gol
Žair Rosa Pinto (Braziliýa) – 74 gol
Roberto Dinamite (Braziliýa) – 73 gol
Juninio Pernambukano (Braziliýa) – 72 gol
Markos Assunsao (Braziliýa) – 68 gol
Sinişa Mihailowiç (Serbiýa) – 67 gol
Horge Arawena (Çili) – 65 gol
Kristiano Ronaldo (Portugaliýa) – 65 gol
Ziko (Braziliýa) – 62 gol
PDF








