2013-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi kanadaly ýazyjy Elis Munro 92 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “Globe and Mail” gazeti habar berdi. E. Munronyň, azyndan, 10 ýyl bäri demensiýa keselinden ejir çekýändigi bellendi. Ol 14-nji maýda Kanadanyň Ontario welaýatynyň garrylar öýünde aradan çykdy. Ýazyjynyň maşgalasy onuň aradan çykandygyny tassyklady.
Elis Munro 1931-nji ýylyň 10-njy iýulynda Ontario ştatynyň Wingham şäherinde dünýä indi, ýetginjeklik ýyllaryndan hekaýalary ýazyp başlady we Günbatar Ontario uniwersitetinde okady.
2013-nji ýylda “häzirki zaman gysga hekaýalarynyň ussady” hökmünde Nobeliň edebiýat boýunça baýragyna eýe bolan Elis Monro bu hormata eýe bolan ilkinji kanadalydyr.
Meşhur nowellaçy 2009-njy ýylda Buker baýragyna hem eýe boldy. Edebiýat bilermenleri ony “Demirgazyk- Amerikan Çehowy” diýip hem atlandyrýarlar. Onuň eserlerindäki wakalaryň aglaba köpüsi Ontario ştatynda bolup geçýär. Munro meşhur gysga hekaýalaryň awtory hökmünde giňden tanalýar. Ol birnäçe hekaýalar ýygyndysyny ýazdy. “Gaçgak”, “Söýgüdäki ösüş” we “Bagtyýar saýalaryň tansy” olaryň has meşhurydyr.