2023-nji ýylda Russiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 44 milliard dollardan geçdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin mälim etdi.
-Russiýa geçen ýyl Merkezi Aziýanyň esasy söwda we ykdysady hyzmatdaşy bolup, sebitiň daşary söwdasynyň 33 göterimini eýeledi – diýip, M.Galuzin Ufa şäherinde guralan “Waldai” Halkara diskussiýa klubynyň 4-nji Merkezi Aziýa konferensiýasynyň açylyş dabarasynda wideo baglanyşygy arkaly eden çykyşynda aýtdy.
Mundan başga-da, M. Galuzin Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli walýutalarda özara hasaplaşyklara geçýändigini aýtdy. Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen milli walýutadaky hasaplaşyklaryň mukdary Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen 80 göterime, Özbegistan bilen 55 göterime, Türkmenistan bilen 24 göterime ýetdi.
Esasy Dünýä täzelikleri Geçen ýylda Russiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 44 milliard...