Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary hem-de öňdengörüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygynyň hem-de işewürliginiň esasy meýdançasyna öwrüldi. Muňa paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 14-15-nji noýabry aralygynda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi hem şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz iň ýakyn goňşymyz Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegi, ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegi babatda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň ýokary derejeli maslahatlarynda köp sanly halkara başlangyçlar bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz Owganystandaky ýagdaýy diňe diplomatik ýollar arkaly kadaly ýagdaýa getirmek başlangyjyny öňe sürüp, Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegi babatda iri halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine badalga berdi.
Ine, şeýle maksatlara gulluk edýän RECCA maslahatynyň nobatdakysy paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi. Onuň işine Aziýadan, Ýewropadan, Demirgazyk we Günorta Amerikadan, Okeaniýadan 36 döwletiň wekilleri, 28 sany halkara guramalary, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri, birnäçe jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata iri bank we maliýe düzümleri, şol sanda Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Halkara maliýe korporasiýasy (IFS), OPEK-iň halkara ösüş gaznasy (OFID) öz wekillerini iberdiler.
Goňşy döwletdäki ýagdaýlary diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen düzgünleşdirmek hakynda çykyş edip, Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna täsirli goldawyny ýetirýär. Owganystan bilen bähbitli we geljegi uly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna mümkinçiligi görkezýän türkmen-owgan syýasy we ykdysady dialogyny üstünlikli özara hereketiň nusgasy hökmünde görkezmek bolýar. Goňşy döwletleriň bilelikdäki işleri diňe bir owgan territoriýasynyň köp bölegindäki ýagdaýy durnuklaşdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, tutuş sebitiň durnukly ösüşi üçin hakyky şert bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan Owganystanda ençeme uly durmuş-ykdysady taslamalary yzygiderli amala aşyrýar, şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň, şeýle hem Owganystana elektrik geçiriji ugurlaryň gurluşygy bar.
Şeýle hem özünde goýlan goşmaça kuwwatlyklaryň hasabyna Türkmenistanyň Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini birnäçe esse artdyrmak däl, eýsem, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasynyň mümkinçilikleri boýunça täze halkara taslamany durmuşa geçirmekde hem amaly işi alyp barýandygy bellenildi.
Maslahatyň dowamynda Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça ylalaşyga) gol çekildi. Ulag geçelgesi sebitiň ykdysady integrasiýasyny ýokarlandyrmagy we söwdanyň möçberini artdyrmagy maksat edinip goýýar. Maslahatyň jemleri boýunça gatnaşyjylar tarapyndan Aşgabat Jarnamasy biragyzdan kabul edildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, ýokarda agzalan Owganystanyň ykdysady integrasiýasyny üpjün etmek boýunça taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sebitiň döwletleriniň durnuklylygyň we howpsuzlygyň güwäsi hasaplanylýan durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk hem berkitmäge we işjeňleşdirmäge ýardam berer. Şoňa görä-de, Aşgabatdaky RECCA VII-niň häzirki forumy türkmen tarapynyň bu ugurdaky tagallalarynyň, şeýle hem sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we berkitmek boýunça nobatdaky ädiminiň logiki dowamy hasaplanylýar.
Mundan başga-da, Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde işewürler maslahaty geçirildi. Forum Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmäge, işçi toparlarynyň, şol sanda söwda gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýan telekeçi zenanlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge, sebit bazaryny we eksport mümkinçiliklerini öwrenmäge, hem-de tejribe alyşmaga gönükdirildi.