Eýranyň mejlisi şenbe gününi hepdäniň ahyryndaky dynç gününe goşmak baradaky kanun taslamasyny tassyklady. Täze düzgün Konstitusiýany goraýjylar geňeşi tarapyndan tassyklanandan soňra güýje girer. “Tesnim” agentliginiň habaryna görä, kanun taslamasy Sosial işler geňeşi tarapyndan taýýarlanyp, mejlise hödürlenipdir. Ilki bilen penşenbe gününiň doly dynç güni bolmagy teklip edildi. Bu teklibi deputatlaryň 75-i goldan bolsa, 132 deputat garşy ses berdi. Şondan soňra şenbe gününiň dynç güni bolmagy üçin teklip sese goýuldy. Bu teklibe 136 deputat oňyn ses beren bolsa, 66 deputat garşy çykdy, 3 deputat ses bermekden saklandy.
Ýurtda kanun teklipleri mejlisden soňra Konstitusiýany goraýjylar geňeşi tarapyndan hem tassyklanandan soňra güýje girýär. Häzirki wagtda ýurtda penşenbe güni ýarym gün, anna güni güni doly dynç güni hasaplanýar.