Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň birisi bolan “Hermes”-iň 80 ýaşly mirasdüşeri Nikolas Peç özüne degişli baýlygy goýup gitjek adamyny saýlady. Onuň karary maşgala agzalaryny hem-de eşidenleri haýrana goýdy. Fransuz “Hermes” brendiniň esaslandyryjysy Týerri Hermesiň 5-nji derejeli nesli bolan Peçiň çagasy we aýaly ýok. Ol özüne has ýakyn adamyň ýokdugyny aýdyp, mirasyny ozalky bagbanyna galdyrmak kararyna geldi. Peç 51 ýaşly bagbanyna 12 milliard dollarlyk mirasyny galdyrar.