Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekde möhüm ädime öwrüldi. Täze Maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Täze kabul edilen maksatnama bilen bilelikde, biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmek göz öňünde tutulýar.
Ylmyň we bilimiň çalt depginlerde ösmegi bilen dünýäde «ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary giň gerime eýe bolýar. Biotehnologiýa, käbir tehnologiki meseleleri çözmek üçin janly organizmleri ýa-da metabolik önümlerini ulanmak mümkinçiligini öwrenýän ylymdyr. Biotehnologiýanyň kömegi bilen adamyň käbir zerurlyklary kanagatlandyrylýar, mysal üçin: derman serişdeleri işlenip düzülýär, ösümlikleriň we haýwanlaryň täze görnüşleri döredilýär, azyk önümleriniň hili ýokarlandyrylýar.
Biotehnologiýa ylym hökmünde XX asyryň ahyrynda, ýagny 70-nji ýyllaryň başynda özüni tanatdy. Bularyň hemmesi genetiki inženerçilikden başlandy, bu hem alymlaryň genetiki materiallaryň üstünde alyp baran täzeçil işläp düzmeleriniň hasabyna amala aşyryldy.
Häzirki zaman ylymlarynda biotehnologiýanyň orny has köp duýlup başlandy. Biotehnologiýa uly ähmiýete eýe bolmak bilen, genetiki inženerçiligiň ýola goýulmagy netijesinde oba hojalygyna peýdaly täze ösümlik görnüşlerini we tohumlaryny ösdürip ýetişdirmek mümkin boldy.
Biotehnologiýany öwrenmek diňe bir biologiýa ylymlary bilen baglanyşykly däl. Nebit ýataklarynda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin hem biotehnologiýa zerurdyr. Iň ösen sebit, senagat we içerki hapa suwlary arassalamak üçin ekologiýada hem biotehnologiýany ulanmak maksadalaýyk hasaplanýar.
Beýleki köp ugurlaryň kemala gelmegine hem biotehnologiýa uly goşant goşdy. Şonuň üçin biotehnologiýa toplumlaýyn ylym hökmünde biziň durmuşymyza aralaşýar. Biotehnologiýany işjeň öwrenmegiň we kämilleşdirmegiň ýene bir sebäbi durmuş-ykdysady zerurlyklaryň ýetmezçilikleriniň öňüni almak üçin hem bähbitlidir. Ol hem süýji we arassalanan agyz suwunyň ýetmezçiligini aradan aýyrmak, himiki serişdeleriň daşky gurşawy hapalamagynyň öňüni almak, energiýa serişdelerine bolan zerurlyklary hem-de ekologiýa taýdan arassa önümlere bolan islegi kanagatlandyrmak nukdaýnazaryndan möhüm ylmy ugurlaryň biridir.
Häzirki zaman dünýäsinde we adam durmuşynda biotehnologiýanyň açýan mümkinçilikleri diňe bir esasy ylymda däl, eýsem, beýleki iş we bilim ugurlarynda-da uludyr. Biotehnologik usullary ulanmak bilen ähli zerur beloklary köpçülikleýin öndürmek mümkin boldy. Genetiki inženerçilik biotehnologiýanyň esasy ugry hökmünde azyk, oba hojalygy, energiýa we daşky gurşaw ugrunda käbir derwaýys çözgütleri tapmak işini ep-esli çaltlandyrýar.
«Forbes» žurnalynda biotehnologiýa babatda dünýäniň öňdebaryjy işläp düzmelerine eýe bolan kompaniýalaryň sanawy çap edildi. Olar «Genentech», «Novartis International AG», «Merck & Co», «Pfizer», «Sanofi», «Perrigo» ýaly kompaniýalar bolup, bu ugurda uly işleri alyp barýarlar.
Gülşirin ÇARYGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.