EURO 2024-de çempionlygyň iň esasy dalaşgärlerinden Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim edildi. Tälimçi Didie Deşam topara 25 oýunçy çagyryp (26 oýunçy çagyryp bolýar), gutarnykly düzümi yglan etdi. Mbappe, Dembele, Grizmann, Teo Hernandes ýaly futbolçylar çagyryldy. Şol bir wagtyň özünde tejribeli hüjümçi Oliwie Žiru hem Ýewropa çempionatynda çykyş eder. Luka Hernandes şikesi sebäpli çempionaty goýberer. Şikesden indi-indi saplanýan Kristofer Nkunku Katar 2022-den soň EURO 2024-de hem oýnamaz.

DERWERZEÇILER

Alfons Areolýa («West Hem»), Maýk Menýan («Milan»), Bris Samba («Lans»);

GORAGÇYLAR

Žonatan Kloss («Marsel»), Teo Hernandes («Milan»), Ibraima Konate («Liwerpul»), Žýul Kunde («Barselona»), Ferlan Mendi («Real Madrid»), Benžamen Pawar («Inter»), Wilýam Saliba («Arsenal»), Daýo Upamekano («Bawariýa»);

ÝARYMGORAGÇYLAR

Eduardo Kamawinga («Real Madrid»), Ýussuf Fofana («Monako»), Ngolo Kante («Al-Ittihad»), Adrien Rabio («Ýuwentus»), Orelen Tçuameni («Real Madrid»), Worren Zair-Emeri (PSŽ), Kingsli Koman («Bawariýa»), Usman Dembele (PSŽ), Markus Turam («Inter»);

HÜJÜMÇILER

Antuan Grizmann («Atletiko»), Bredli Barkolýa (PSŽ), Oliwie Žiru («Milan»), Randal Kolo-Muani (PSŽ), Kilian Mbappe (PSŽ).