Dost we dost­luk­ly gat­na­şyk­lar dur­muş­da adam üçin iň der­wa­ýys zat­la­ryň bi­ri­dir. Be­ge­ne­niň­de ýa-da gynananyňda ýag­da­ýyň ba­ra­da il­ki bi­len dos­tu­ňa gür­rüň be­ril­ýär. Belli bir ka­ra­ra ge­lip bil­män ikir­jiň­le­nen ha­la­tyň­da hem dos­tuň­dan mas­la­hat so­ral­ýar. «Kö­ne dost – eýer­li at» diý­li­şi ýa­ly, il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da ha­lyň­dan ha­bar al­ýan hem ýe­ne-de dos­tuň… Adam öm­rü­niň do­wa­myn­da bir­nä­çe dost ga­za­nyp bi­ler. Gat­naş­ýan dost­la­ry­my­zyň hem­me­si çyn dost­my? Siz dost­la­ry­ňyz ba­ra­da nä­hi­li pi­kir­de? Psi­ho­log­lar ýa­sa­ma dost­lu­gy giz­läp bol­ma­jak 9 gy­lyk-hä­si­ýet ba­ra­da bel­läp geç­ýär­ler. Ge­liň, bi­ze ýa­kyn adam­la­ryň çyn ýa-da ýa­sa­ma dost­lu­gy ba­ra­da ta­nyş bo­la­lyň!
Dur­nuk­syz­lyk. Ýa­sa­ma dost­lar köp­lenç bir za­da mä­täç bo­lan­da ýa-da kyn ýag­da­ýa dü­şen­de siz­den kö­mek so­ra­ýar. Em­ma si­ze bir zat ge­rek bo­lan­da, ýag­ny dos­tu­ňy­za ýüz tu­ta­ny­ňyz­da ge­rek za­dy­ňy­zyň özün­de ýok­du­gy­ny ýa-da şol işi bi­ti­rip bil­me­ýän­di­gi­ni aý­dar. Şeý­le hem ol ze­rur bo­lan­da wagt­la­ýyn ýi­tip gi­der ýa-da ba­ha­na ta­pyp bi­ler. Umu­man şeý­le dost­la­ryň «ýü­pü­nüň üstüne odun go­ýup bol­ma­ýar».
Bir ta­rap­ly­lyk. Kä­bir gat­naş­ýan dost­la­ry­ňyz bir ta­rap­ly bo­lup gö­rün­me­gi müm­kin. Olar bi­len söh­bet­deş bo­la­ny­ňyz­da öz is­le­ýän za­dy ýa-da özü­ni gy­zyk­lan­dyr­ýan zat­lar ba­ra­da gür­rüň edip, si­ziň is­le­ýän zat­la­ry­ňy­za parh­syz bo­lup bi­ler. Şeý­le hem siz bi­len bag­ly zat­la­ra kän bir üns ber­mez­ler. Di­ňe siz­de bar bo­lan we öz­le­ri üçin gy­zyk­ly hem-de peý­da­ly bo­lan zat­la­ry so­ra­şyp bi­ler­ler.
Ynam­syz­lyk. Psi­ho­log­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, galp dost­lar yg­ty­bar­syz bo­lup, si­ze be­ren wa­da­la­ry­ny seý­rek ýag­daý­da ýe­ri­ne ýe­ti­rer­ler. My­sal üçin, bi­le­lik­de bir işi ama­la aşyr­mak ba­ra­da me­ýil­na­ma dü­züp, so­ňam yza çe­ki­lip bi­ler­ler. Ýa-da si­ze kö­mek et­jek­di­gi­ni aý­dyp, iň soň­ky mi­nut­lar­da sö­zün­den dä­nip, ba­ha­na ta­pyp, gel­män bi­ler­ler.
Kem ba­ha ber­mek. Ýa­sa­ma dost­lar si­zi baş­ga­la­ryň öňün­de mas­ga­ra­lap ýa-da kem­si­dip bi­ler­ler. Şeý­le hem, si­ze zy­ýan be­ren­le­rin­den soň, ha­ky­ka­ty aý­dan­dy­gy­ny bel­läp, si­ze kö­mek et­jek bol­ýan­dy­gy­ny aý­dyp bi­ler­ler. My­sal üçin, baş­ga­la­ryň hem­me­si tä­ze eşi­gi­ňi­ziň owa­dan gel­şen­di­gi­ni aýt­sa-da, gö­rip dos­tu­ňyz kem ba­ha be­rip bi­ler. Şeý­le ýag­daý­da ruh­dan düş­mek, özü­ňi­zi bagt­syz duý­mak nä­dog­ry ha­sap­lan­ýar.
We­pa­syz­lyk. Ýa­sa­ma dost­lar si­ze we­pa­ly bo­lup bil­mez­ler. Baş­gaça aý­dy­lan­da, ola­ra yna­nyp sy­ry­ňy­zy aýt­sa­ňyz, ýa bir za­dy paý­laş­sa­ňyz, olar baş­ga­la­ryň ýa­nyn­da siz ba­ra­da er­bet zat­la­ry aýdyp, ýa-da myş-myş­lar ýaý­ra­dyp bi­ler­ler.
Bas­daş­lyk. Si­ziň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ňi­ze ýa-da ýe­ten de­re­je­le­ri­ňi­ze ýa­sa­ma dos­tu­ňyz gys­ganç­lyk gö­zi bi­len ga­rap, siz bi­len ýa­ry­şyp bi­ler. My­sal üçin, si­ziň eden­le­ri­ňi­zi gaý­ta­lar, siz­den has go­wy ge­ýin­jek bo­lar, si­ziň­ki­den go­wy ulag ýa-da öý al­jak bo­lar. Umu­man ýa­sa­ma dost­lar si­ze gu­wan­ýan ýa­ly gö­rün­se-de, «kim ök­de» ýa­ry­şy­ny do­wam et­dir­ýär­ler.
Çäk­den geç­mek. Her bir yn­sa­nyň şah­sy gi­ňiş­li­gi, şah­sy dur­mu­şy we duý­gu­lar dün­ýä­si bar. Bu ba­bat­da ýa­sa­ma dost­lar çäk sak­la­ma­ýar. Olar ser­het­den ge­çip, si­ziň dur­mu­şy­ňy­za, maş­ga­la me­se­le­le­ri­ňi­ze ýa-da duý­gu­la­ry­ňy­za ara­la­şyp, äs­ger­mez­çi­lik edip bil­ýär­ler. Ejiz, syr­ly ýer­le­ri­ňi­zi özü­ne bel­läp go­ýup, ge­rek­li ýe­rin­de ýü­zü­ňi­ze ba­syp bil­ýär­ler.
Bäh­bit göz­le­mek. Ýa­sa­ma dost­lar si­ze haý­sy­dyr bir ze­rur­lyk üçin dost bol­ýar­lar. Öz bäh­bit­le­ri­ni, ge­rek zat­la­ry­ny alan­dan ýa-da ga­za­nan­la­ryn­dan soň, si­ze bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy aza­lyp, uzak­la­şyp baş­la­ýar­lar.
Tä­sir et­mek. Ýa­sa­ma dost­lar siz­den is­län za­dy­ny al­mak ýa-da si­ze is­län za­dy­ny et­dir­mek üçin gep ber­ýär­ler. Özü­ňi­zi her bir zat­da gü­nä­kär ha­sap­la­ma­ga mej­bur edip, duý­gu­la­ry­ňy­zy ula­nyp, is­län za­dy­ny edip bil­ýär­ler. Köp­lenç ýa­sa­ma dost­la­ryň ge­pi­ne gi­di­lip, köp za­dy­ňy ýi­tir­ýär­siň. Ýa­sa­ma dost­la­ryň ge­pi­ne git­mek, esa­san hem, maş­ga­la me­se­le­le­ri­ne goş­mak ýal­ňyş ha­sap­lan­ýar. Psi­ho­log­lar «Sy­nal­ma­dyk dost – ça­kyl­ma­dyk hoz» diý­li­şi ýa­ly, gat­naş­ýan dost­la­ry­ňy­zy ýa­kyn­dan ta­na­ma­gy, kä­bir ýag­daý­lar­da sy­nap gör­me­gi bel­le­ýär­ler. Şeý­le hem si­ze çyn dost ýa­ly çe­me­le­şip, dur­mu­şy­ňy­za we duý­gu­la­ry­ňy­za ters tä­sir ed­ýän adam­lar­dan uzak­laş­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.