Dünýäde her bir halkyň özüne mahsus medeniýeti we ýaşaýyş durmuşy bar. Medeniýetleriň we durmuş şertleriniň köpüsi biri-birine gabat gelýän hem bolsa, käbiri görenleri haýrana goýýar. Şeýle halklaryň biri hem amişler bolup, häzirki zaman durmuş şertlerini düýbünden ret edýärler. Demirgazyk Amerikada ýaşaýan bu halk tehnologik serişdeleri, häzirki zaman ulaglaryny ulanmazdan «XVII asyrda ýaşaýarlar». Taryhy ýerlere we gadymyýete gezelenç etmegi halaýan syýahatçylaryň ünsüni çekýän amiş halky XVII asyryň egin-eşiklerini geýip, oba hojalyk işlerini zähmet gurallary we iş maly bilen ýerine ýetirýärler. Ulag serişdelerinden uzakda ýaşaýan bu halk bir ýere gitmeli bolanlarynda hem at arabasyny ulanýarlar. Gazetimiziň şu sanynda täsin durmuşda ýaşaýan amiş halky barada ýakyndan tanyşdyrmagy makul bildik.
Amişler häzirki zaman tehnologiýalaryny we amatlyklaryny ulanmagy halamaýarlar we tersine ýönekeý durmuş ýörelgesinde ýaşamaga üns berýärler. Olar bu takwa tertip-düzgüne berk eýerip, birnäçe asyrdan bäri dowam etdirip gelýärler. Dini ynançlaryna görä, bu halk ýönekeý ruhy durmuşda ýaşamak ykbalyna ýazylan diýip düşünýär. Amiş halky Amerikanyň 30-a golaý ştatyna ýaýran halk bolup, hemmesinde birmeňzeş düzgünler dowam edýär. Gepleşik dilinde bu halk ýaşaýan sebitine görä, iňlis, nemes dillerinde gepleşýärler. Amişler Amerikanyň iň çalt köpelýän ilat topary bolup, häzirki wagtda 300 müň töweregi amiş halky bar.
Amiş halkynyň köp bölegi awtoulag edinmegi, elektrik toguny ulanmagy, oba hojalyk tehnikalaryny ulanmagy, telewizor, radio we kompýuter edinmegi, ýokary okuw mekdeplerinde okamagy ret edýär. Şeýle hem bu halkyň däbine görä surata düşmek gadagan edilýär. Amiş halkynda 18 ýaşda durmuş gurmaga rugsat berilýär we saýlan ýaryňdan ýa-da ýanýoldaşyňdan aýrylyşmak gadagan edilýär.
Amişleriň gündelik durmuşynda ekerançylyk esasy orny eýeleýär. Mundan başga-da, telekeçilik kärhanalarynda zähmet çekýän agaç ussalarynyň we oba hojalyk gurallaryny ýasaýanlaryň köpüsi amiş halkyndandyr. Bu halkdan bolan ýaş nesiller hem edil beýlekiler ýaly bilim alýarlar. Ýöne geýim-gejiminde, gatnaw ulgamynda öz milliligini saklaýarlar. Kellesi ýaglykly, gök köýnegine öňlük dakylan gyzjagazlary we kellesi sary şlýapaly, egnaşyr kemerli jalbarly oglanjyklary kakasy at arabasynda mekdebe äkidip getirýär. Amiş çagalary sekizinji synpa çenli mekdebe gatnaýarlar. Amerikada amiş halky köpçülikleýin ýygnaklara çagyrylmaýar. Şeýle hem bu halk harby gullukdan, salgytlardan boşadylýar. Amişler döwlet edaralarynda işlemeýändigi sebäpli, saýlawlarda hem ses bermeýär.