Ýer­tu­da­na adam be­de­ni üçin ze­rur bo­lan mi­we­le­riň bi­ri­dir. Ol dart­gyn­ly ýag­daý­lar­da kö­şeş­mä­ge, im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mä­ge we gan aý­la­ny­şy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu mi­wä­niň öz­bo­luş­ly ta­ga­my hiç ki­mi bi­parh goý­ma­ýar.
Ýer­tu­da­na bä­gül­gül­lü­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan köp­ýyl­lyk ösüm­lik bo­lup, iýil­ýän gör­nü­şi il­kin­ji ge­zek XV asyr­lar­da peý­da bol­ýar. Ata Wa­ta­ny De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka ha­sap­lan­ýan bu mi­we bir­nä­çe asyr­dan soň­ra me­de­ni­ýet­leş­di­ri­lip, tä­ze gör­nüş­le­ri peý­da bol­ýar. Ýer­tu­da­nanyň dü­zü­min­de köp san­ly peý­da­ly mad­da­lar we ýo­kum­ly se­riş­de­ler sak­lan­ýar. Mi­wä­niň ýer­de bit­ýän bu gör­nü­şi maý-iýun aý­la­ryn­da ýe­tiş­ýär. Çi­gi­di da­şyn­da ýer­leş­ýän bu mi­wä­niň Ýer ýü­zün­de 600 tö­we­re­gi (ak, gül­gün, gy­zyl, sa­ry, al­tyn­sow reňk­li) gör­nü­şi bar.
Ýer­tu­da­na ir­ki ýyl­lar­dan bä­ri halk luk­man­çy­ly­gyn­da ula­ny­lyp gel­nen der­man­lyk ösüm­lik­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýer­tu­da­na­nyň iý­mi­şin­den we gu­ra­dy­lan ýap­rak­la­ryn­dan dür­li mel­hem­ler taý­ýar­la­nyp­dyr. So­wuk­la­ma­da giň­den ula­ny­lan bu mi­wä­niň dü­zü­min­de köp muk­dar­da şe­ker, kal­siý, fos­for, mar­ga­nes, ug­le­wod­lar, de­mir, ko­balt, pek­tin ýa­ly mad­da­lar we wi­ta­min­ler sak­lan­ýar. Bu mi­we ýü­rek-da­mar, böw­rek, aş­ga­zan keseliniň öňü­ni al­ma­ga, de­ri ke­sel­le­ri­ni be­jer­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem ýer­tu­da­na­nyň mik­rob­la­ra gar­şy iş­jeň­lik hä­si­ýe­ti bar. Her gün or­ta­ça muk­dar­da (10-12 sa­ny) ýer­tu­da­na iý­mek be­de­ni ze­rur bo­lan A, C wi­ta­mi­ni, ka­liý, kal­siý, mag­niý we fo­lat bi­len üp­jün ed­ýär. Ýer­tu­da­na aşa köp iý­len­de böw­rek­de daş dö­re­me­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler.
Ýer­tu­da­na­nyň sag­lyk üçin peý­da­ly ta­rap­la­ry:
Im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Ýer­tu­da­na­nyň dü­zü­min­de köp muk­dar­da C wi­ta­mi­ni sak­lan­ýar. Bu bol­sa im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ýer­tu­da­na­ny ma­za­ly ýu­wa­nyň­dan soň, ter­li­gi­ne iý­mek be­de­ni C wi­ta­mini bi­len üp­jün edip, kesele gar­şy du­ru­jy­ly­gy­ny güýç­len­dir­ýär.
Ga­naz­ly­ga peý­da­ly. Ýer­tu­da­na fo­la­ta, ýag­ny B9 wi­ta­mi­ne baý mi­we­le­riň bi­ri­dir. Bu mad­da be­den­de gan öý­jük­le­ri­niň ka­da­ly de­re­je­de ön­dü­ril­me­gi­ni üp­jün edip, ga­naz­ly­ga se­bäp bol­ýan ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­ýar. Göw­re­li we ça­ga­ly aýal­la­ryň ýe­ter­lik de­re­je­de ýer­tu­da­na iý­me­gi ga­naz­ly­gyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
De­ri­ni çe­ýe sak­la­ýar. C wi­ta­mi­ni de­ri­niň çe­ýe­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. Tom­su­na, esa­san hem, ho­wa­nyň jok­ra­ma gün­le­ri ýe­ter­lik de­re­je­de ýer­tu­da­na iý­mek ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri­niň de­rä ze­per ýe­tir­me­gin­den go­ra­ýar. Şeý­le hem ýer­tu­da­na de­ri­niň gar­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar.
Ýü­rek-da­mar üçin peý­da­ly. Her gün ýe­ter­lik de­re­je­de ýer­tu­da­na iý­mek ýü­rek-da­mar ul­ga­myn­da dö­räp bil­jek howp­la­ryň öňü­ni al­ýar. Bu mi­wä­niň dü­zü­min­dä­ki bioak­tiw mad­da­lar er­kin ra­di­kal­la­ra gar­şy gö­reş­mä­ge, stre­si azalt­ma­ga, ar­te­ri­ýa­nyň ga­ta­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga (ate­rosk­le­roz) we gan ba­sy­şy­ny ka­da­ly de­re­je­de sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Ýa­dy güýç­len­dir­ýär. Ýer­tu­da­na­nyň dü­zü­min­dä­ki as­kor­bin kis­lo­ta­sy we C wi­ta­mi­ni beý­ni­niň nerw öý­jük­le­ri­ni ört­ýän ga­by­gyň ze­per­len­me­gi­niň öňü­ni alyp, ýat­keş­li­gi, çalt ka­ra­ra gel­mek we ýat tut­mak en­di­gi­ni güýç­len­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Şeý­le hem ýaz pas­ly­nyň bu meş­hur mi­we­si ho­les­te­ri­niň dö­re­mek how­pu­ny azalt­ma­ga, iç­ga­ta­ma­nyň öňü­ni al­ma­ga, diş eti­ni çe­ýe sak­la­ma­ga, gan­da­ky şe­ke­ri ka­da­ly de­re­je­de sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.