Elektroulag önümçiliginde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýasy bolan «Tesla» Hytaýdaky önümçiligini artdyrýar. Häzirki wagtda Şanhaý şäherinde awtoulag zawody bolan «Tesla» geljekde elektroulag batareýalaryny öndürer. Kompaniýanyň öndürjek «Megapack» atly 4 megawat/sagat elektrik energiýasyny saklaýan litiý-ion batareýalary elektrik bekedi hökmünde hyzmat edýär. Amerikan kompaniýasy bu äpet batareýalary öndürmek üçin Şanhaý şäherinde aýratyn zawod gurar. Zawodyň gurluşygyna şu ýyl başlanar. Geljek ýylyň birinji çärýeginde bolsa işe giriziler. Zawodda ýylda 10 müň birlik batareýa öndüriler.
Häzirki wagtda «Tesla»-nyň ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýylda 10 müň «Megapack» öndürmäge ukyby bolan zawody bar. Şeýle hem kompaniýa Şanhaýda ýylda 1 million elektroulag öndürýän zawodyny giňelder. Şeýlelikde, bu zawodda ýylda goşmaça 450 müň elektroulag öndüriler.
Asyr ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.