Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkeliň “Erkinlik. Ýatlamalar 1954-2021” atly täze ýatlamalar kitaby 26-njy noýabrda kitap dükanlarynda peýda bolar. Bu barada Germaniýanyň “Bild” neşiri habar berýär. Kitabyň daşynda syýasatçy zenanyň alyslara garap duran keşbi ýerleşdirilipdir.
“Dünýäniň 30 ýurdunda neşir ediljek bu kitap “biziň döwrümiziň iň täsirli syýasatçysynyň oý-pikirlerine we işine çuňňur düşünmäge ýardam berer” diýip, “Bild” neşiri ýazýar. Merkel özüniň 700 sahypalyk ýatlamalar kitabynda, esasan, 1954-2021-nji ýyllaryň aralygyndaky wakalary – çagalygyndan başlap, tä syýasy karýerasyna we GFR-iň hökümetiniň ýokary wezipelerinde işlän döwrüne çenli geçen durmuş ýoly barada jikme-jik gürrüň berer. Kitap Kýoln şäheriniň “Kiepenheuer and Witsch” neşirýatynda çap ediler.
Merkel eseriniň adyny düşündirmek bilen, esasy maksadynyň erkinligiň nämedigi baradaky soraga jogap bermekden ybaratdygyny aýtdy. Syýasatçynyň bellemegine görä, bu sorag onuň bütin ömrüniň manysydyr.
Şeýle-de, ýatlamalar kitabynda dünýäniň iň täsirli adamlary bilen geçirilen duşuşyklardan we söhbetdeşliklerden hem parçalar getirilýär. Göwrümli eserde Germaniýanyň we dünýä syýasatyndaky öwrülişikli pursatlary hem-de biziň häzirki günümizi kesgitlän kararlaryň kabul edilişi barada gürrüň berilýär.