72,5 müňden gowrak millioneriň ýaşaýan ýeri bolan Dubaý Ýakyn Gündogaryň iň baý şäheri adynyna eýe boldy. Bu barada “Henley & Partners” kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar. Birinji orunda Nýu-Ýork gelip, ol ýerde 349,5 müň millioner we 60 milliarder ýaşaýar. Şeýle hem, ilkinji bäşlige San-Fransisko, Tokio, Singapur we London girýär. Hemmesini jemläp aýdanyňda, Dubaý baýlaryň sany boýunça dünýäniň iň uly 50 şäheriniň sanawynda 21-nji orny eýeledi.