Her ýylyň 23-nji maýynda dünýäniň köp ýurdunda Bütindünýä pyşbaga güni (World Turtle Day) bellenilýär. Gury ýerde we ýerde-suwda (deňizde we süýji suwda) ýaşaýan görnüşleri bolan bu jandarlar parasatlylygyň, uzak ýaşyň simwoly hasaplanýar. Adaty bolmadyk baýramçylygy bellemegi 2000-nji ýylda Amerikan pyşbaga halas ediş jemgyýeti (American Tortoise Rescue) orta atýar. Bu jemgyýet 1990-njy ýylda Kaliforniýa ştatynyň Malibu şäherinde ilatly ýerleriň golaýyndaky pyşbagalary goramak üçin esaslandyrylýar. Pyşbaga güni bolsa, bu jandarlaryň adama ýakyn ýerde ýaşaýanlaryny goramaga, olara ünsli çemeleşmäge ünsi çekmek üçin döredildýär. Pyşbagalaryň deňizde ýaşaýan görnüşleri köpelýän döwründe kenara çykyp, çägelik ýerde ýumurtga taşlaýar. Şol ýumurtgalara ýabany jandarlar zyýan ýetirip bilýär. Şeýle hem olaryň “höwürtgesiniň” üstünden adamlar ünssüzligi sebäpli basgylap ýa-da awtoulagly geçip bilýärler. Bu bolsa olaryň sanyny azaldýar. Şeýle bolansoň, köp ýerde pyşbagalaryň köpelýän döwründe meýletinçiler pyşbaga ýumurtgalaryny goraýarlar.