22-nji maýda Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini hem-de ýanynda bolan ýokary wezipeli wekiliýet agzalaryny soňky ýoluna ugratmak çäresi geçirilýär.
Eýran Yslam Respublikasynda bolup geçen dikuçar heläkçiliginde aradan çykanlary soňky ýoluna ugratmak çäresine 50-den gowrak döwletden ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşýar. IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä, bu dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bir hatarda Kataryň Emiri, Täjigistanyň Prezidenti, Tunisiň Prezidenti, Yragyň, Pakistanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň Premýer-ministrleri, Russiýanyň, Alžiriň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Liwanyň parlament ýolbaşçylary Tähran şäherine bardylar.
Tähran şäherindäki matam çäresi ýurduň Prezidentiniň wezipesini wagtylaýyn ýerine ýetiriji Mohammed Mohber tarapyndan geçirildi.
19-njy maýda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiliginde Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan we beýleki adamlar aradan çykypdy.