* “Atalanta” topary bu kubogy gazanan 5-nji italýan kluby bolup, soňky Italiýadan 1998/99 möwsüminde ýaryşyň ady UEFA Kubogy döwründe “Parma” çempionlyga ýetipdi. “Atalantadan” öň “Ýuwentus”, “Inter”, “Napoli” hem-de “Parma” klublary Ýewropa Ligasynyň çempionlygyny gazanypdy.

* Ademola Lukman UEFA-nyň bu ýaryşynyň finalynda het-trik eden 2-nji futbolçy boldy. Lukmandan öň germaniýaly meşhur futbolçy Ýupp Haýnkes 1974/75 möwsüminiň finalynyň jogap oýnunda “Borussiýa M” topary öz meýdançasynda “Twenteni” 5-1 ýeňende, 3 gol geçiripdi.

* Lukman UEFA-nyň ýaryşlarynyň finalynda het-trik eden ilkinji afrikaly futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

* Iki toparyň mundan öňki 2 duşuşygynda-da “Atalanta” ýeňiş gazanypdy. 2021/22 möwsüminde Ýewropa Ligasynyň 1/8 finalynda “Atalanta” öz meýdançasynda 3-1, myhmançylykda-da 1-0 hasabynda ýeňipdi.

* Bu ýeňiş 1907-nji ýylda esaslandyrylan klubuň taryhyndaky 2-nji kubokdyr. Topar mundan öň 61 ýyl ozal, 1963-nji ýylda diňe Italiýanyň Kubogyny gazanypdy.

* Italýan klublary 10-njy gezek çempionlyk gazanyp, Angliýadan öňe saýlandy. Bu ugurda Ispaniýanyň wekilleri 14 çempionlyk bilen sanawyň başyny çekýär. Nemes toparlarynyň 7 çempionlygy bar.

* 2016-njy ýyldan bäri topara tälim berip gelýän Jan Piero Gasperini UEFA-nyň bu kubogyny gazanan iň ýaşuly tälimçi boldy. Gasperini 66 ýaş 117 gün bilen geçen ýyl “Sewilýany” çempion eden Hoze Luiz Mendilibaryň 62 ýaş 78 günlük rekordyny täzelemegi başardy. Gasperini bu kubogy gazanan 11-nji italýan tälimçisidir. Italýanlar bu ugurda ispanlardan (13) soň 2-nji orny eýeleýär.

* Möwsümi 3 kubok bilen tamamlamak mümkinçiligini elden gideren “Baýer” topary 51 oýundan soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ol soňky gezek geçen ýylyň 27-nji maýynda çempionatyň çäginde “Bohumdan” 3-0 hasabynda asgyn gelipdi. 360 günden soň bu gezek UEFA-nyň ýaryşynda “Atalantadan” 3-0 utulan “Baýeriň” ýeňlişsizlik seriýasy tamamlandy. “Baýer” şol 51 oýunda diňe bir duşuşykda gol geçirip bilmändi (“Baýer” – “Borussiýa M”: 0-0).

* “Baýer” topary finala çenli geçiren 12 duşuşygynyň hiç birinde-de ýeňilmändi (9 ýeňiş, 3 deňlik). Nemes kluby finala çenli 31 gol geçirdi.

* “Atalanta” topary finala çenli geçiren 12 duşuşygynda diňe “Liwerpuldan” asgyn gelipdi (7 ýeňiş, 4 deňlik, 1 ýeňliş).

* “Baýer” toparyna 1988/89 möwsüminden soň bu kubogy 2-nji gezek almak başartmady. Şol möwsümde finalda “Espanýol” bilen duşuşan “Baýer” myhmançylykda 3-0 utulsa-da, öz meýdançasynda 3-0 ýeňip, penaltileriň netijesinde UEFA-nyň ýaryşlaryndaky ilkinji kubogyny gazanypdy.

* Bu final “Baýeriň” Ýewrokuboklardaky 3-nji finaly bolup, olar 2001/02 möwsüminde Çempionlar Ligasynyň finalynda “Real Madridden” 2-1 hasabynda ýeňlipdi.

* “Atalantanyň” düzüminde çykyş edýän Dawide Zappakosta bu kubogy 2-nji gezek eýeläp, ol 2019-njy ýylda “Çelsi” bilen ýeňiji bolupdy.

“Marsel” toparynyň gabonly hüjümçisi Pier-Emerik Obameýang 10 gol bilen UEFA Ýewropa Ligasynda 2023/24 möwsüminiň iň netijeli futbolçysy boldy.