Soňky ýyllarda dünýäde tozanly howa akymlary güýçlenýär. Bu ýagdaý Ýer ýüzünde gurakçylygyň artmagy hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly bolup, bu möwsümleýin tebigy hadysa hasaplanýar. Tozanly ýeller, esasan hem, Demirgazyk Afrikada, Ýakyn Gündogarda we Aziýa ýurtlarynda has köp bolup geçýär. Howanyň hapalanmagy saglyk üçin zyýanly bolup, ýaşaýan sebitiň howa şertleri barada habarly bolmak örän möhümdir. Daşaryk çykmazdan ozal howa maglumaty bilen ýakyndan tanyş bolmaly. Howanyň hapalanmagy – tozanly ýel ýa-da harasat adam saglygyna oňaýsyz täsir etmegi mümkin. Eýsem, tozanly howadan nädip goranmaly?
Örtük dakynmak. Tozanly howada daşary çykmaly bolsaňyz, örtük dakynmagy ýatdan çykarmaly däl. Örtük dakynmak tozanly howadan goranmagyň iň amatly usulydyr. Çünki örtük hapa howany süzüp, arassa howany geçirýär.
Äýnek dakynmak. Tozanly howa görüş ulgamyna ýaramaz täsirini ýetirip, gözüň gyzarmagyna, allergiýa sebäp bolup bilýär. Tozan bölejiklerinden gözi goramak üçin reňksiz äýnek dakynmaly. Äýnek göni gelýän howa akymyny gaýtaryp, gözüň içine hapa bölejikleriniň düşmeginiň öňüni alýar. Tozanly howadan soň gözde gyjynmalar peýda bolsa, maşgala lukmanynyň maslahaty esasynda ýuwujy damjalary hem-de melhemleri ulanmaly.
Penjireleri ýapyk saklamak. Köplenç ýagdaýda öýüň içini hem tozanly howa gurşap alýar. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin harasat turanda penjireleri we gapylary mäkäm ýapmaly. Penjireleri örtýän perdeleri we žalýuzlary ýapyp, serginledijini işletmeli.
Tozanly howadan soň hökmany suratda öýde düýpli arassaçylyk işlerini geçirmeli. Penjireleri açyp, otaglary ýelejiretmeli. Öýüň ähli ýerini çygly esgi bilen süpürmeli.
Öýüň howasyny nädip arassa saklamaly?
Köplenç dury howada hem öýüň içi dymyk bolýar. Bu ýagdaý arassaçylyk işleri hem-de öýde köp energiýanyň ulanylmagy bilen baglydyr. Öýleri hepdede azyndan bir gezek tozan sorujy bilen arassalamaly. Şeýle hem hepdede iki-üç gezek öýüň içiniň tozanlaryny süpürmeli. Arassaçylyk işi ýerine ýetirilende tozany özüne çekýän ýörite çygly esgileri ulanmaly. Elektrik we beýleki energiýa çeşmeleriniň aşa köp ulanylmagy hem öýde howanyň hapalanmagyna sebäp bolýar. Muňa aşhana enjamlary we otaglaryň çyrasy degişli bolup, zerur bolmadyk halatynda, esasan hem, gijesine öçürip goýmaly. Şeýle hem öýde ýapragy uly otag güllerini saklamak howanyň täzelenip durmagyna ýardam edýär.
Maral Täçmyradowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleri boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.