Häzirki zaman dünýäsinde äýnek meşhur aksessuarlaryň biri hasaplanýar. Köpler äýnegi ýagtylykdan goranmak üçin dakynýan bolsa, käbir adam ownuk hatlary okamak we uzakdaky zady saýgarmak üçin, käbirleri gelşikli görünmek üçin äýnek dakynýar. Gelşikli görünmek üçin dakynylýan hem bolsa gara äýnekler Gün şöhlesinden, beýleki ýiti ýagtylyk çeşmelerinden we tozandan goranmaga ýardam edýär. Uzak wagtlap Gün şöhlesine sezewar bolmak göze çynlakaý zeper ýetirip bilýär. Gara äýnek Günden gelýän ultramelewşe (UV) şöhlelerini yzyna serpikdirip, gözüň zeperlenmeginiň öňüni alýar. Mundan başga-da, äýnek dakynmak infragyzyl şöhleleriniň täsirini hem azaldýar.
Nähili äýnek saýlamaly?
Häzirki wagtda äýnekleriň linzasy we reňki taýdan tapawutlanýan müňlerçe görnüşi bar. Äýnekleriň köpüsi daşky görnüşinden biri-birine örän meňzeýär. Şol sebäpli alyjylar äýnek saýlamakda kynçylyk çekýärler. Adamlaryň köpüsi äýnek saýlanlarynda gelşigine we berkligine seredýärler. Şeýle-de bolsa äýnek saýlananda onuň hilini hem göz öňünde tutmaly.
Günden goraýan äýnekleriň köpüsinde «UV goragy» ýa-da «UV400» diýen ýazgy bolýar. Äýnek satyn alnanda şol ýazga üns bermeli. Günden goraýan gara äýneklerden ýüzüňe gelişýänini we gözüňi doly ýapyp duranyny saýlamaly. Soňra dakynyp uzaga, eýläk-beýläk seredip görmeli. Eger-de gözüňizde bulaşyklyk dörese ýa-da kelläňiz agyrsa, onda ol äýnegiň size laýyk gelmeýändigi. «Bu ýagdaý wagtlaýyn, äýnege öwrenişip giderin» diýip pikir edýän bolsaňyz ýalňyşýarsyňyz. Sebäbi birinji gezekde göze laýyk gelmedik äýnek, soňlugy bilen gözüň zeperlenmegine, görşüň peselmegine çenli getirip bilýär. Harydyň öwgüsine garamazdan, gözüňize görä, äýnek saýlamaga çalyşmaly. Eger-de nädogry äýnek saýlasaňyz, görüş bilen bagly käbir meseleler ýüze çykar. Gözüňizde guraklyk, gijilewük we agyry peýda bolmagy mümkin.
Äýnegi nädip dakynmaly?
Äýnegi dakynanyňda we aýranyňda seresaply bolmaly. Kiçijik ýalňyşlyk gözüňe zeper ýetmegine, äýnegiň gyşarmagyna ýa-da döwülmegine sebäp bolup bilýär. Äýnek dakynylanda iki gyrasyndan – gulaga ildirilýän böleginden tutulmaly. Äýnegiň linzasyndan (aýnasy) tutmak barmak yzlaryny galdyryp, daş-töweregiň bulam-bujar görünmegine täsir edýär. Äýnegiň linzalaryny ýörite matajyk bilen yzygiderli süpürip durmaly. Eger-de äýnek ýeke el bilen tutulyp, diňe sagdan ýa-da çepden dakynylanda äýnegiň deňagramlylygy bozulyp bilýär. Deňagramlylygy bolmadyk äýnek eýläk-beýläk hereket edip, gözi doly goramaýar. Gara äýnekleri dakynaňyzda linzalary gözüňize gaty ýakynda ýa-da aşa uzakda goýmaň! Göz bilen linzanyň aralygy 1,5-2 santimetr bolmaly. Äýnegi aşa uzakda dakynmak Gün şöhlesiniň göze zeper ýetirmegine, aşa ýakyn dakynmak hem göz agyrysyna we kellagyra sebäp bolup bilýär.
Haçan äýnek dakynmaly?
Köp adamlar gyş paslynda howanyň bulutly we garly günlerinde hem äýnek dakynyp gezýärler. Bilermenler gyş aýlarynda gara äýnek dakynmagyň örän zyýanlydygyny belleýärler. Sebäbi Günüň gar tozgalaryna düşüp, ýylpyldaýan şöhlesi äýnekden geçip, göze ters täsir edýär. Eger-de gyş paslynda ýa-da howanyň bulutly we çygly günlerinde hem äýnek dakynmak isleseňiz, onda reňksiz äýneklerden özüňize görä oňaýlysyny saýlamaly. «Garaňky» günlerde reňkli äýnekleri dakynmak maslahat berilmeýär.
Reňki nähili bolmaly?
Äýnegiň linzasynyň reňki ýagtylygyň gözde şöhlelenmesine, gözüň reňkleri tapawutlandyrmagyna we reňkleri bolşy ýaly kabul etmegine täsir edýär. Gara, goňur we çal linzaly äýnekler orta we ýokary ýagtylyk şertlerinde ýalpyldamanyň öňüni alýar we göz ýadawlygyny azaldýar. Bu reňkdäki äýnekler iň halanýan äýnek görnüşleri bolup, gündelik durmuşda ulanmaga iň amatlysy hasaplanýar. Ýaşyl linzaly äýnekler daş-töwerekdäki zatlaryň reňkini adatdaky bolşundan birneme tapawutlandyryp görkezýändigine garamazdan, gözüň dynç alşyny üpjün edýär. Ýaşyl äýnekler Gün şöhlesiniň az düşýän ýerlerinde ulanylýar. Sary, altynsow, açyk goňur linzaly äýnekler ýagtylyk taýdan az goragy üpjün etse-de, bulutly we ýagyşly günlerde ulanmak ýerlikli hasaplanýar. Mämişi, gyzyl we gülgün linzaly äýnekleriň daş-töwerekdäki reňkleri görmegi kynlaşdyrýandygy sebäpli, awtoulag sürlende bu äýnekleri dakynmak maslahat berilmeýär. Bu äýnekler gyşky sport görnüşleri bilen meşgullanylanda ulanylýar. Gök linzaly äýnekleri ýaşyl ýerlerde (tokaý, ösümlikli meýdan) ulanmak amatly hasaplanýar. Rahatlygy we reňk duýujylygy taýdan gara linzaly äýnekler iň gowusy hasaplanýar.
Çagalara äýnek dakynmak zerurmy?
Eger-de çagalar yssy howada daşaryk çykmaýan bolsalar äýnek dakynmak hökman däl. Emma köp wagtyny daşarda geçirýän bolsa, körpejeleriň äýnek dakynmagy zerur hasaplanýar. Sebäbi çagalaryň beden gurluşy ultramelewşe şöhlelerine has duýgur bolup, zyýanly şöhleler bilen ýeterlik derejede göreşip bilmeýär. Gün şöhlesi çagalarda göz allergiýasynyň döremegine getirip bilýär. Köp çaga ululara meňzejek bolup äýnek dakynasy gelýär. Owadan reňkli çaga äýnekleri bolsa olaryň ünsüni çekýär. Şol sebäpli çagalara hili pes äýnekleri alyp bermekden saklanmaly. Äýnegiň ultramelewşe şöhlelerine garşy durnuklylygy çagalar üçin äýnek saýlananda göz öňünde tutulmaly iň esasy şertleriň biridir. Çagalara, esasan hem, linzasy döwülmeýän iň çydamly polikarbonat äýneklerden saýlap bermeli.
Äýnegiň taryhyndan
Ilkinji äýnegiň nirede oýlanyp tapylandygy barada dürlüçe pikirler bolup, esasy maglumatlarda rimlileriň kiçi zatlary ulaldyp görkezýän tegelek aýnaly guraly ulanandyklary aýdylýar. XII asyrda hytaýly kazylaryň hem gözüni örtüp duran enjamlardan peýdalanandyklary barada ýazgylar bar. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji dakylýan äýnegi XIII asyrda italiýaly Salwino D’Armati oýlap tapýar. Bu äýnek iki sany ýönekeý tegelek aýna bölekden düzülip, agaçdan ýa-da haýwanyň şahyndan ýasalan çarçuwa berkidilipdir. Şeýle hem burnuň üstünde saklanýan ilgençegi ýa-da uzyn tutawajy bolupdyr. 1700-nji ýyllarda äýnegiň gulaga ildirilýän bölegi oýlanyp tapylyp, oňa «elsiz äýnekler» diýlip at berilýär. XVIII asyrda gaýçy ýaly ýygnalýan jübi äýnekleri ýörgünli bolup başlaýar. 1800-nji ýyllaryň başynda görüş bulaşyklygyny düzetmek üçin özboluşly linzalar işlenip düzülip, äýneklere oturdylyp başlanýar. 1900-nji ýyllarda esasan äýnekleriň daşky görnüşine uly üns berilýär. 1929-njy ýyldan başlap Gün şöhlesini yzyna serpikdirýän, lukmançylyk taýdan tassyklanan ýalpyldamaýan gündelik äýnekler öndürilip başlanýar. 1980-nji ýylda döwülmeýändigi hem-de ýeňildigi bilen tapawutlanýan plastik linzalaryň oýlanyp tapylmagy bilen äýnekler döwrebap görnüşe geçýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalar bilen ugurdaş ösdürilýän äýnekleriň ýagtylygy serpikdiriji, Gün şöhlesinden goraýan, görşi gowulandyrýan hem-de 3 ölçegli (3D) görnüşleri bar. Äýnek önümçiliginde iň öňdebaryjy ýurt Hytaý bolup, ondan soňra degişlilikde Germaniýa, Angliýa we Fransiýa gelýär. Skandinaw ýurtlary dünýäde iň köp äýnek dakylýan ýurtlar hasaplanýar.