Üs­tü­miz­dä­ki okuw ýy­ly hem ta­mam­la­nyp bar­ýar. Ýe­ne-de bir­nä­çe gün­den okuw ders­le­rin­den sy­nag­lar gu­ta­ryp, to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi baş­lan­ýar. Gö­räý­mä­ge in­di­ki okuw möw­sü­mi­ne köp wagt bar ýa­ly. Em­ma to­mus­ky dynç alyş der­rew geç­ýär. Eý­sem, to­mus­ky dynç al­şy nä­hi­li ge­çir­me­li?!

To­mus­ky dynç al­şy peý­da­ly we gy­zyk­ly ge­çir­mek üçin is­le­ýän zat­la­ry­ňy­zy me­ýil­leş­dir­me­li. El­bet­de, me­ýil­leş­dir­ýän iş­le­ri­ňi­zi özü­ňi­ze gö­rä edip bil­mer­si­ňiz. Mu­nuň üçin ene-ata­ňyz bi­len mas­la­hat­laş­mak ze­rur­dyr. Ýur­du­my­zyň owa­dan kün­jek­le­ri­ne ge­ze­lenç et­mek, dost­la­ryň bi­len oý­na­mak ýa­ly dynç alyş çä­re­le­ri­niň ha­ta­ry­na ki­tap oka­mak, sport bi­len meş­gul­lan­mak we öý iş­le­ri­ne kö­mek­leş­mek ýa­ly çä­re­le­ri hem goş­ma­ly.

Öwrenilenleri berkitmek. To­mus­ky dynç alyş­da boş wag­ty­ňyz, esa­san hem, ag­şam­la­ry­na mek­dep­de öw­re­nen zat­la­ry­ňy­zy ji­gi­ňi­ze, do­ga­ny­ňy­za öw­ret­mek, deň-duş­la­ry­ňyz bi­len gür­rüň­deş bo­lup, so­rag-jo­gap alyş­mak hem si­ziň kä­mil­leş­me­gi­ňi­ze ýar­dam eder.
Oka­mak. Mek­dep ki­tap­ha­na­syn­dan ýa-da beý­le­ki ki­tap­ha­na­lar­dan özü­ňiz üçin gy­zyk­ly ki­tap­la­ry alyň! Şeý­le hem okuw es­bap­la­ry sa­tyl­ýan dü­kan­la­ryn­dan özü­ňiz üçin ki­tap alyp bi­ler­si­ňiz. Ki­ta­byň sa­ha­by­nyň iç ýü­zü­ne alan wag­ty­ňy­zy bel­lik et­se­ňiz, ula­la­ny­ňyz­da ha­çan nä­hi­li ki­ta­p a­la­ny­ňy­zy bil­me­gi­ňi­z üçin peý­da­ly bo­lar. Ag­şam­la­ry­na ki­tap oka­mak si­ziň tä­ze söz­le­ri öw­ren­me­gi­ňi­ze, dil baý­ly­gy­ny art­dyr­ma­gy­ňy­za ýar­dam eder. Şeý­le hem okan çe­per eser­le­ri­ňiz­dir he­ka­ýa­la­ry maş­ga­la ag­za­la­ry­ňy­za gür­rüň ber­mek hem ýat­keş­li­gi­ňi­ziň ös­me­gi­ne iter­gi ber­ýär.
Sport bi­len meş­gul­lan­mak. Dynç alyş möw­sü­min­de sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga has köp üns ber­me­li. My­sal üçin, ýüz­me­gi ha­la­ýan ýa-da öw­ren­mek is­le­ýän bol­sa­ňyz, ýö­ri­te suw-sport des­ga­la­ry­na gat­nap bi­ler­si­ňiz. Mun­dan baş­ga-da, fut­bol, ka­ra­te, wo­leý­bol, bas­ket­bol ýa­ly spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len hem meş­gul­lan­mak üçin sport meý­dan­ça­la­ryn­dan we des­ga­la­ryn­dan peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz.
Ge­ze­lenç et­mek. Dün­ýä­ga­raý­şy­ňy­zyň gi­ňe­me­gin­de ge­ze­lenç et­me­giň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Bu ba­bat­da ýa­şa­ýan ýa-da myh­man­çy­ly­ga ba­ran ýe­ri­ňi­ziň go­la­ýyn­da­ky ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­re we mu­zeý­le­re ge­ze­lenç edip bi­ler­si­ňiz. Mun­dan baş­ga-da, maş­ga­la ag­za­la­ry­ňyz bi­len bi­le­lik­de paý­tag­ty­my­za we ýur­du­my­zyň beý­le­ki şä­her­le­ri­ne ge­ze­lenç edip, wag­ty­ňy­zy gy­zyk­ly ge­çi­rip bi­ler­si­ňiz. Ta­ry­hy ýer­le­re we mu­zeý­le­re ba­ra­ny­ňyz­da, ol ýer ba­ra­da has gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat öw­ren­me­gi ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň!
Dynç al­mak. Okuw möw­sü­mi ta­mam­la­nan­dan soň, mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň kö­pü­si ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri­ne gid­ýär­ler. Siz hem ýur­du­my­zyň de­ňiz ke­nar­la­ryn­da we dag etek­le­rin­de ýer­leş­ýän şeý­le mer­kez­le­re gi­dip dynç alyp bi­ler­si­ňiz. Ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­ga, tä­ze zat­la­ry öw­ren­mä­ge, esa­san hem, tä­ze dost­lar tu­tun­ma­ga uly müm­kin­çi­lik dö­re­ýär.
Dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­mak. El we akyl güý­ji bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­re güý­men­mek, dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­mak hem to­mus­ky dynç alyş­da edil­me­li iş­le­riň bi­ri­dir. My­sal üçin, he­ka­ýa oka­ma­gy ýa-da goş­gy ýat tut­ma­gy ha­la­ýan bol­sa­ňyz, he­ka­ýa ýa-da goş­gy ýaz­ma­ga sy­na­ny­şyp gö­rüň! Şeý­le hem se­net­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy ha­la­ýan­la­ry­ňyz bar bol­sa, ji­gi­le­ri­ňiz üçin oý­na­waç­dyr otur­gyç hem ýa­sap bi­ler­si­ňiz.
Okuw mer­kez­le­ri­ne gat­na­mak. To­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de özü­ňi­ziň gy­zyk­lan­ýan ug­ru­ňyz­dan – dil öw­ren­mek, komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, su­rat çek­mek, se­net­çi­lik önüm­le­ri­ni ýa­sa­mak ýa­ly ugur­lar­dan ýörite mer­kez­le­re gat­nap bi­ler­si­ňiz. Şeýle mer­kez­le­re gat­na­mak – bel­li bir ugur­dan kä­mil­leş­mek si­ziň gel­jek­de hü­när saý­la­ma­gy­ňy­za ýar­dam eder. Şeý­le hem özü­ňi­ze ýa­kyn bo­lan sport gör­nü­şi­ni has kä­mil­leş­dir­mek üçin sport mek­dep­le­ri­ne gat­nap bi­ler­si­ňiz.
Öý iş­le­ri­ne kö­mek et­mek. Maş­ga­la ag­za­la­ry­ňy­za, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­ňy­za kö­mek et­mek, olar bi­len has köp wagt ge­çir­mek to­mus­ky me­ýil­na­ma­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li iş­le­riň bi­ri­dir. Ata­ňyz, ene­ňiz, ba­ba­ňyz, ma­ma­ňyz, da­ýy­ňyz we beý­le­ki ga­ryn­daş­la­ry­ňyza ge­ze­len­je git­se­ňiz, hem ola­ry be­gen­di­rer­si­ňiz, hem özü­ňiz be­ge­ner­si­ňiz. Ýa­şu­lu­la­ryň gür­rüň ber­jek ýat­la­ma­la­ry siz­de ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­re­der. Şeý­le hem olar­dan mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za, gym­mat­lyk­la­ry­my­za de­giş­li zat­la­ry öw­re­ner­si­ňiz. Uzak ara­ly­ga ge­ze­len­je gi­de­ni­ňiz­de, ony kar­ta­dan gör­me­gi­ňiz we ýol bel­lik­le­ri­ne üns be­rip, ola­ryň ma­ny­la­ry­ny öw­ren­me­gi­ňiz si­ziň üçin gy­zyk­ly bo­lar.
Gün ter­ti­bi­ne eýer­mek. Okuw döw­rün­de bel­li bir ýat­ýan we tur­ýan wag­ty­myz bol­ýar. Dynç alyş möw­sü­min­de hem gün ter­ti­bi do­wam et­di­ril­me­li­dir. Il­ki bi­len, wagt­ly-wag­tyn­da iýip-iç­mä­ge, ýe­ter­lik de­re­je­de ukyňy almaga üns ber­me­li. Şeý­le hem, te­bi­ga­ta ýa-da nä­ta­nyş ýer­le­re gi­di­len­de, aras­sa bol­ma­dyk mi­we­dir ir-iý­miş­leri iý­mek­den, jan­ly-jan­dar­la­ry el­le­mek­den sak­lan­ma­ly. Akar suw­la­ra gir­mek­den, esa­san hem, ha­pa we çuň su­wa gir­mek­den sak­lan­ma­ly. Şeý­le hem oýun oý­na­jak ýe­ri­ňi­ziň we beý­le­ki ýer­le­riň aras­sa bol­ma­gy­na üns ber­me­li.