Golaýda Argentinanyň Buenos-Aýres şäherinde geçirilen gözellik bäsleşiginde 60 ýaşly zenan birinji bolupdy. Aklawçy wezipesinde işleýän Aleksandra Marisa Rodriges ýurt boýunça geçirilen ýaryşda hem biri birinji bolup, halkara derejesinde geçirilýän “Älem gözeli” bäsleşiginde öz ýurduna wekilçilik etmegi arzuw edýärdi. Emma onuň bu arzuwy başa barmady. 25-nji maýda geçirilen ýaryşda (Miss Universe Argentina) başga biri – Kordoba şäherine wekilçilik edýän 29 ýaşly Magali Benejam gözellik täjini geýdi.
Mundan ozal “Älem gözeli” ýaryşyna gatnaşmak üçin 18-28 ýaş aralygynda bolmak, durmuşa çykmadyk bolmak talap edilýärdi. Emma şu ýyldan başlap, bu şertler ýatyryldy.

Astrologiýa ugrundan ýokary bilim alýan Magali Benejam modellik bilen meşgullanýar.