Buenos-Aýresde geçirilen gözellik bäsleşiginde 60 ýaşly aklawçy we žurnalist Aleksandra Marisa Rodriges ýeňiş gazandy. Ol bu ýeňişden soň Latyn Amerikasynyň jemgyýetçilik torlarynyň hakyky ýyldyzy boldy, sebäbi zenan juwan keşbi bilen hemmeleri geň galdyrdy. Indi Aleksandra munuň bilen kanagatlanmaýar. Ol eýýäm “Argentinanyň hanymy” gözellik bäsleşiginiň saýlawyna gatnaşdy we geljekde “Älem gözeli” bäsleşigine gatnaşmagy hem maksat edinýär.
“Älem gözeli” bäsleşiginiň guramaçylary geçen ýyl ýaş çäklendirmeleri aradan aýyrandan soň, Aleksandranyň gatnaşmagyna hem mümkinçilik döredi. Mundan öň bu çärä diňe 18-28 ýaş aralygyndaky gyzlar gatnaşyp bilýän bolsa, indi gatnaşyjylaryň ýaşy has uly bolup biler.
Aleksandranyň daş keşbi tutuş Argentinany maýyl etdi, şonuň üçin köpler derrew ondan nädip şeýle görnüşi saklap bilendigini sorap başladylar. 60 ýaşly zenan hepdede üç gezek türgenleşýändigini, wagtal-wagtal iýmitden saklanýandygyny, sagdyn iýmitlenmäge tagalla edýändigini we ýokary hilli deri kremlerini ulanýandygyny gürrüň berdi.
-“Buenos-Aýresiň hanymy 2024” adyna eýe bolanyma diýseň buýsanýaryn. Men ähli zenanlara gözelligiň ýaşynyň ýokdugyny we biziň päsgelçilikleri ýeňip geçip biljekdigimizi subut etmek isledim. Men bu ugurda köp türgenleşdim, öz ynamymyň üstünde işledim we zenanlaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigini görkezmek üçin başarnyklarymy ösdürdim” – diýip, gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belledi.
“Argentinanyň hanymy” gözellik bäsleşigi 25-nji maýda geçiriler. Aleksandra eýýäm muňa taýynlanýar we tutanýerlilik bilen hereket edýär. Ol ýaşyň hakykatdan hem diňe sanlardan ybaratdygyny subut etmek üçin ýeňmek isleýär.