Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly film fes­ti­wal­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Kann film fes­ti­wa­ly ta­mam­lan­dy. 77-nji ge­zek ge­çi­ri­len fes­ti­wal­da “Ano­ra” (Ano­ra) fil­mi baş baý­ra­ga – “Al­tyn pal­ma” my­na­syp bol­dy. Ame­ri­ka­ly re­žiss­ýor Şon Beý­ke­riň ko­me­di­ýa-dra­ma gör­nüş­li fil­min­de “Ano­ra” at­ly gy­zyň dur­mu­şy ba­ra­da, onuň Nýu Ýork­da ýa­şa­ýy­şy ba­ra­da söh­bet açyl­ýar. “Ano­ra” fil­mi 2011-nji ýyl­dan soň “Al­tyn pal­ma” baý­ra­gy­ny ga­za­nan il­kin­ji ame­ri­kan ki­no­sy bol­dy. Bu film­den öň 2011-nji ýyl­da us­sat re­žiss­ýor Ter­rens Ma­li­giň “Dur­mu­şyň aga­jy” (Tree of Li­fe) at­ly ki­no­sy Kann film fes­ti­wa­lyn­da baş baý­ra­ga la­ýyk gör­lüp­di.
Ame­ri­ka­ly re­žiss­ýor Gre­ta Ger­wi­giň baş­tu­tan­ly­gyn­da­ky – is­pa­ni­ýa­ly meş­hur re­žiss­ýor J.A. Ba­ýo­na, tür­ki­ýe­li sse­na­ri­çi Eb­ru Jeý­lan, ita­li­ýa­ly akt­ýor Pierf­ran­çes­ko Fa­wi­no, ame­ri­ka­ly akt­ri­sa Li­li Glads­to­un, fran­si­ýa­ly ta­ny­mal akt­ri­sa Ewa Grin, ýa­po­ni­ýa­ly bel­li re­žiss­ýor Hi­ro­ka­zu Ko­re-eda, li­wan­ly akt­ri­sa hem-de re­žiss­ýor Na­di­ne La­ba­ki, fran­si­ýa­ly us­sat akt­ýor Omar Saý da­gy­dan dü­zü­len emin­ler to­pa­ry “Gran Pri” baý­ra­gy­na hin­dis­tan­ly ze­nan re­žiss­ýor Pa­ýal Ka­pa­dia­nyň “Bi­ziň äh­li­miz ýag­ty­lyk ýa­ly pi­kir ed­ýä­ris” (All We Ima­gi­ne as Light) fil­mi my­na­syp gör­di. Iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy “Uly ge­ze­lenç” (Gran To­ur) fil­mi üçin por­tu­ga­li­ýa­ly re­žiss­ýor Mi­gu­el Go­me­se be­ril­di.
Emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy “Emi­lia Pe­res” (Emi­lia Pe­res) fil­mi üçin fran­si­ýa­ly re­žiss­ýor Žak Odia­ra gow­şu­ryl­dy. Film­de esa­sy keşp­ler­de su­ra­ta dü­şen Zou Sal­dan­ýa, Kar­la So­fi­ýa Gas­kon, Se­le­na Go­mes hem-de Ad­ria­na Paz iň go­wy akt­ri­sa baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy­lar. Kann film fes­ti­wa­ly­nyň ta­ry­hyn­da mun­dan öňem en­çe­me ge­zek fil­miň ar­tist­ler to­pa­ry iň go­wy akt­ri­sa ýa-da akt­ýor baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup­dy. Žak Odiar mun­dan öňem “A Prop­het”, “Dhee­pan” film­le­ri bi­len Kann ki­no fes­ti­wa­lyn­da de­giş­li­lik­de “Gran Pri” hem-de “Al­tyn pal­ma” baý­rak­la­ry­ny ga­za­nyp­dy.
Iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy­na gre­si­ýa­ly re­žiss­ýor Ýor­gos Lan­ti­mo­syň tä­ze fil­mi “Ýag­şy­ly­gyň gör­nüş­le­ri” (Kinds of Kind­ness) fil­min­dä­ki keş­bi üçin ame­ri­ka­ly ar­tist Jes­si Ple­mons my­na­syp bol­dy. Iň go­wy sse­na­riý baý­ra­gy­na “Ha­ky­kat” (The Subs­tance) fil­mi­niň sse­na­ri­çi­si hem-de re­žiss­ýo­ry fran­si­ýa­ly ze­nan sun­gat iş­gä­ri Ko­ra­li Far­ža gow­şu­ryl­dy. Eý­ran­ly re­žiss­ýor Mo­ham­mad Ra­su­lof bol­sa “Mu­kad­des in­jir aga­jy­nyň to­hu­my” at­ly fil­mi üçin Ýö­ri­te baý­rak (Prix Special) bi­len sy­lag­lan­dy.
Fes­ti­wa­lyň “Baş­ga­ça ga­ra­ýyş” bö­lü­min­de hy­taý­ly re­žiss­ýor Gu­an Hu­nuň “Ga­ra it” (Gou Zhen) fil­mi baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Il­kin­ji ek­ran işi üçin be­ril­ýän “Al­tyn ka­me­ra” baý­ra­gy­ny Ar­mand fil­mi­niň su­rat dü­şü­ren nor­we­gi­ýa­ly re­žiss­ýor Halw­dan Ul­man Týon­del eýe­le­di.
10 gün­läp do­wam eden fes­ti­wal­da 3 sa­ny “Al­tyn pal­ma” hor­mat sy­la­gy (Ho­no­ra­ry Pal­me d’Or) gow­şu­ryl­dy. Os­kar­ly akt­ri­sa Me­ril Strip, ha­ly­pa re­žiss­ýor “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri” film­le­ri­niň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jorj Lu­kas hem-de ýa­pon­la­ryň meş­hur ani­me ön­dü­ri­ji “Stu­dio Ghib­li” kom­pa­ni­ýa­sy bu hor­ma­ta la­ýyk gö­rül­di. Kann film fes­ti­wa­ly­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bir stu­di­ýa hor­mat sy­la­gy­na my­na­syp bol­dy.

77-nji Kann film fes­ti­wa­ly­nyň ýe­ňi­ji­le­ri:
“Al­tyn pal­ma” baý­ra­gy: “Ano­ra” (Ano­ra) – Şon Beý­ker
“Gran Pri” baý­ra­gy: “Bi­ziň äh­li­miz ýag­ty­lyk ýa­ly pi­kir ed­ýä­ris” (All We Ima­gi­ne as Light) – Pa­ýal Ka­pa­dia
Emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy: “Emi­li­ýa Pe­res” (Emi­lia Pe­res) – Žak Odiar
Iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy: Mi­gu­el Go­mes – “Uly ge­ze­lenç” (Gran To­ur)
Iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy: Jes­si Ple­mons – “Ýag­şy­ly­gyň gör­nüş­le­ri” (Kinds of Kind­ness)
Iň go­wy akt­ri­sa baý­ra­gy: Zou Sal­dan­ýa, Kar­la So­fi­ýa Gas­kon, Se­le­na Go­mes, Ad­ria­na Paz – “Emi­li­ýa Pe­res” (Emi­lia Pe­res)
Iň go­wy sse­na­riý baý­ra­gy: “Ha­ky­kat” (The Subs­tance) – Ko­ra­li Far­ža
Ýö­ri­te baý­rak (Prix Special): “Mu­kad­des in­jir aga­jy­nyň to­hu­my” – Mo­ham­mad Ra­su­lof