Islandiýada ýylyň başyndan bäri dördünji gezek wulkan atyldy. Ýurduň günorta-günbataryndaky Swartsengi wulkan ulgamyndaky 3,4 kilometrlik jaýrykdan lawalar çogup çykyp başlady. Ygtyýarly wekiller bu aýrygyň giňeýändigini belleýärler. Wulkanyň golaýyndaky ýurduň simwoly hasaplanýan Gök köl atly geotermal şypahana hem gaýtadan ýapyldy. Wulkan ýarylmazdan ozal ýertitremäniň hem hasaba alnandygy aýdylýar. Lawalaryň öňüne böwetler goýuldy. Grindawik şäheriniň 4 müň töweregi ilaty bolsa, geçen ýylyň noýabrynda göçürilipdi.
Islandiýada 33 işjeň wulkan ulgamy bilen Ýewropada bu ugurda öňdeligi eýeleýär.