Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde her ýyl geçirilýän awtoulag sergisiniň mundan beýläk geçirilmejekdigi mälim edildi. Sergini guraýjylaryň ýaýradan beýanatynda mundan soňky serginiň Ženewada däl-de, Katarda geljek ýylyň noýabrynda geçiriljekdigi mälim edildi. Beýanatda mundan beýläk serginiň Ženewada geçirilmejekdigi, awtoulag senagatyndaky näbellilikleriň uludygy hem-de Ýewropadaky täjirçilik maksatly sergileriň özüne çekijiliginiň azalandygy aýdyldy.
Ženewa awtoulag sergisi ilkinji gezek 1905-nji ýylda geçirilýär. Awtoulag senagatynda öz döwrüniň iň soňky gazananlarynyň görkezilen sergisi onlarça ýyllap dünýäniň bu ugurdaky ähmiýetli sergileriniň biri bolmagynda galdy. Emma soňky ýyllarda sergä gatnaşýan kompaniýalaryň hem-de myhmanlaryň sany görnetin azaldy.
Ženewa şäheriniň “Palexpo” sergi merkezinde geçirilýän sergide ýylda müňe golaý awtoulag görkezilýärdi. “COVID-19” pandemiýasy döwründe 4 ýyllap sergi geçirilmändi. Soňky gezek geçirilen sergä 200 müň myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýardy. Emma täze awtoulaglary görmäge baranlaryň sany 168 müň töweregi bolupdyr.