Soňky ýyllarda adamlaryň köpüsi artykmaç agramdan ejir çekýärler. Maglumatlara görä, amerikalylaryň takmynan 42 göterimi semiz bolsa, ýaponlaryň diňe 4,5 göterimi artykmaç agramdaky adamlar. Ýaponlar berhiz saklamaýan halk hasaplanýar. Munuň sebäbi ýurtda kanun boýunça her mekdepde iýmit hünärmeniniň bolmagy hem-de kiçilikden çagalara iýmitleniş düzgünleriniň öwredilmegi bilen düşündirilýär. Iýmit hünärmeni mekdepdäki artykmaç agramdaky her bir çaga bilen iş geçirip, sagdyn agram saklamagyna ýardam edýär. Bilermenler ýaponlaryň bedeniniň çeýe hem syratly bolmagynyň syrlaryny öwrenip, şeýle netijä geldiler.
Tebigy gurşaw we genetik gurluş. Ýaponlaryň kadaly agram saklamagynyň birinji syry tebigy gurşaw we ýaponlaryň genetik gurluşy bilen düşündirilýär. Ýaponlar beýleki halklar bilen deňeşdireniňde nahary has haýal iýýärler. Şeýle hem ýaponlar adatça köp et iýmeýärler. Ýapon aşhanasy dünýäniň beýleki aşhanalaryndan ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Ýapon aşhanasynda «agyr naharlaryň» deregine ýeňiljek çorbalar, gaýnadylan tüwi, buglanan balyk has köp iýilýär. Ýapon aşpezleri gaýnatmak, buglamak we közde bişirmek ýaly usullary ulanýarlar, emma hiç wagt nahary gowrup bişirmeýärler. Bu usullar naharyň ýokumlylygyny saklap, semremäge sebäp bolmaýar. Ýapon saçagynda panjara balyklary, deňiz ösümlikleriniň dürli görnüşleri, gaýnadylan gök önümler, bir tabak tüwi, soýa, süýjülikleriň ornuny tutýan miweler, matça ýaşyl çaýy ýa-da gök çaý esasy orny eýeleýär.
Üçburçluk iýmitleniş ýörelgesi. Ýaponlar üçburçluk iýmitleniş ýörelgesine eýerýärler. Olaryň günortanlygy ýa-da agşamlygy 5 nahardan geçmeýär. Köp halkyň naharlanyş medeniýetinde ilki bilen çorba içilýär, soňra beýleki naharlar iýilýär. Emma ýaponlarda beýle däl. Ýaponlar üçburçluk görnüşinde: ilki bilen çorbanyň bir bölegini içip, soňra gaýnadylan tüwüden az-owlak iýýärler. Ondan soňra suşi ýa-da balykly tagamlardan dadyp, ýene-de çorba içip başlaýarlar. Naharlaryň gezekleşmegi arkaly iýmitlenilýän bu usul sagdyn agram saklamaga kömek edýär. Ýaponlar saçakdaky ähli zatdan az-azdan dadyp görmek, sagdyn bolmaga ýardam edýär diýip düşünýärler. Ýaponlar çagalaryna kiçilikden doýýança iýmegi ret edip, 80 göterim doýýançaň iýmegi öwredýärler. Bedeniň dynç almagy we özüňi ýeňil duýmak üçin az iýmegi maslahat berýärler. Ýaponlarda 1920-nji ýyllardan soň ýeňil iýmitleniş medeniýeti ornaşdyrylýar. Şondan soňra balykdyr gök önümli naharlara has köp üns berlip başlanýar.
Mekdeplerde iýmitleniş düzgüni. Ýaponiýada kanun boýunça her mekdepde iýmit hünärmeni bolmaly. Ol çagalara berilýän naharlaryň sanawy we hili bilen tanyş bolup, düzgünlere laýyklykda çagalara gözegçilik etmeli. Şeýle hem çagasy semiz ata-enelere maslahat berýär. Adatça ýapon mekdeplerinde nahar 5 kiçi bölekden durýar: ak balyk, gök önümler, süýt, gaýnadylan ak tüwi we süýjülik pastasy. Mekdebe gatnaýan çagalara öýlerinden nahar getirmek, gaplanan önümleri iýmek gadagan edilýär.
Naharlar mekdep müdiri tassyklandan soň çagalara berilýär. Nahar iýlip başlanmazdan ozal mekdep okuwçylarynyň biri orta çykyp, şu günki nahar bilen tanyşdyrýar. Mekdepde nahar wagty 12:00 bolup, günortanlyk naharyndan soň düzgün boýunça bir bulgur süýt içmeli. Ýaponlarda iýmit isrip edilmeýär. Şol sebäpli her bir çaga naharyny dolulygyna iýip gutarmaly.
Ýaponlaryň uzak ýaşamagynyň syry. Her gün irden Ýaponiýanyň seýilgählerinde garry adamlar topar bolup bilelikde maşk edýärler. Bu bolsa uzak ýaşamaga itergi berýär. Ýaponlar beýleki halklardan has uzak ýaşaýandygy bilen tapawutlanýar. Orta hasap bilen Ýaponiýada erkekler 81, zenanlar 88 ýyl ýaşaýar.
Ogimi – dünýäniň iň garry ilatly obasy. Ýurduň günorta bölegindäki arhipelag bolan Okinawa uly meşhurlyga eýedir. Bu ýerde dünýäniň iň garry adamlarynyň ýaşaýan obasy ýerleşýär. Ogimide 215 hojalyk bolup, tokaý bilen gurşalan dag etegindäki obada 90 ýaşdan ýokary 173 adam bar. Garrylar obasynyň ilaty işjeň ýagdaýda bolup, wagtly-wagtynda dynç almaga, iýmitleniş düzgünlerini berk saklamaga üns berýärler.