Hytaýyň “Chang’e-6” kosmos gämisiniň gonuş moduly, Aýyň arka tarapynda ýerleşýän Eýtken – Günorta polýusyň bellenen sebitine üstünlikli gondy. Hytaý Milli kosmos dolandyryş gullugynyň (CNSA) habaryna görä, enjam Aýdan toparak ýygnamak üçin niýetlenendir. Modulyň esasy wezipesi taryhda ilkinji gezek iki günüň içinde Aýyň arka tarapyndan Aý topragynyň nusgalaryny ýygnamak we Ýere getirmekdir. Enjam buraw we robot goly bilen enjamlaşdyrylandyr.
“Queqiao-2” hemrasynyň goldawy bilen “Chang’e-6” gonuş moduly Günorta polýusyň jülgesi Eýtkende bellenen nokada üstünlikli gondy” diýlip beýanatda bellenilýär.
2-nji iýunda irden, “Chang’e 6” Aýyň arka tarapynda bellenen sebite gonup, “Aýyň arka tarapyndaky missiýasyna başlady”. Ondan soň, gonuş moduly panellerini we ugrukdyryjy antennalary ýerleşdirmek ýaly işlerine girişip, Aýdan toprak nusgalaryny ýygnar.
Aý nusgalary awtomatik usulda birnäçe ýerde burawlamak arkaly ýygnalar. Şeýle hem, missiýa gonýan ýerinde birnäçe ylmy barlaglary geçirer. Mundan öň “Chang’e-6”-nyň Ýeriň tebigy hemrasynyň arka tarapyndaky Günorta polýus – Eýtken jülgesindäki “Apollon” kraterine gonjakdygy habar berlipdi. Gonuş moduly Aý topragyny ýygnansoň, orbital modul bilen sepleşip, dolanyş moduly arkaly Ýere dolanyp geler. Bu missiýanyň 53 gün dowam etmegine garaşylýar.
Orbitada öz kosmos stansiýasy bolan Aziýa ýurdy, 2030-njy ýyla çenli Aýa adam ibermegi umyt edýär. Hytaý üstünlik gazansa, muny amala aşyran ikinji ýurt bolar.