Global awiakompaniýalar 2024-nji ýylda gazanjak peýdasy baradaky çaklamalaryny ýokarlandyrdy. Ýolagçy sanynyň artmagy bilen pudagyň girdejisiniň 1 trillion dollar bolmagyna garaşylýar. Halkara gowa gatnawlary bileleşigi (IATA) awiakompaniýalaryň dünýäde 30,5 milliard dollar peýda gazanmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Geçen ýyl bu görkeziji 27,4 milliard dollar bolupdy. Pandemiýa sebäpli pudak 2020-nji ýylda 140 milliard dollar zyýan çekipdir.
IATA-nyň baş müdiri Willi Walş bileleşigiň dünýädäki howa hereketiniň 80 göteriminden gowragyny emele getirýän 300-den gowrak agzasynyň gatnaşmagyndaky ýyllyk ýygnagynda metbugat işgärlerine beren gürrüňinde, esasan hem, Aziýada ýagdaýyň garaşylandan has ýokarydygyny aýtdy. Şeýle hem Walş syýahatçylyk pudagynyň güýçli depginler bilen dikelýändigine garamazdan, öndürilýän uçarlaryň awiakompaniýalara gowşurylmagynda gijä galynýandygyny hem-de artýan uçuş islegine jogap berlip bilinmeýändigini aýtdy.
Kuwwatgeldi Daňňyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.