5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi.
Türkmenistanyň Gyzyl kitaby ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny takyk görkezmek bilen, ýurduň biodürlüliginiň san taýdan üýtgeýşiniň möhüm görkezijisidir. Resmi taýdan kabul edilen nama hökmünde onda ýurduň ýabany ösümlikleriniňdir haýwanlarynyň seýrek duş gelýän, sany azalýan hem-de ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleriniň tebigatdaky sany, ýaýrawy, ýagdaýy we gorag çäreleri barada bir nusga getirilen maglumatlar berilýär. Gyzyl kitap milli kanunçylyga hem-de halkara konwensiýalara we ylalaşyklara laýyklykda işlenilip taýýarlanylýar. Oňa girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşleri döwletiň goragy astynda durýar. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Gyzyl kitaby üç gezek – 1985-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edildi.
Gyzyl kitabyň 3-nji neşiri çapdan çykandan soň, Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygy täzelendi, halkara ölçegleri hasaba almak bilen, täze kanunlar işlenip taýýarlanyldy, hereket edýänlerine üýtgeşmeler we goşmaçalar girizildi.
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirini taýýarlamak üçin zoologiýa we botanika boýunça kiçi toparlardan ybarat bolan pudagara topar döredildi. Bu toparyň düzümine Türkmenistanyň Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de beýleki degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alymlary we hünärmenleri girizildi. Gyzyl kitaby taýýarlamak üçin pudagara toparyň agzalaryndan başga-da, botanikler we zoologlar işe çekildi.
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri taýýarlanylanda, Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawynyň, şeýle-de ýurduň ozalky neşir edilen Gyzyl kitabynyň maglumatlary ulanyldy. Täze neşirde görnüşiň ýagdaýynyň milli derejesini anyklamakda esas hökmünde ilkinji gezek 1994-nji ýylda çap bolan TGHB-niň Gyzyl sanawynyň ölçegleri alyndy. Ählumumy derejede howp abanýan – düýbünden ýitip barýan, ýitip barýan we ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüşlere aýratyn üns berildi.
Kitapda görnüş ýazylyp beýan edilende, onuň derejesi, genofondy gorap saklamakdaky ähmiýeti, ýaýraýşy, duş gelýän ýerleri, sany we onuň üýtgemek meýli, esasy çäklendiriji sebäpler, haýwanlaryň köpeldilişi, ösümlikleriň ösdürilip ýetişdirilişi, gorag üçin görlen çäreler, barlag boýunça teklipler hem-de ulanylan edebiýatlardyr beýleki çeşmeler barada maglumatlar berildi. Şeýle-de, görnüşiň reňkli suratlary we onuň duş gelýän ýerleriniň karta çyzgysy ýerleşdirildi.