9-njy sentýabrynda Pakistanyň Yslamabat şäherindäki Lok Wirsa Halk mirasy muzeýinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk günlerine bagyşlanan konsert geçirildi.
Çäre Ýewraziýa halklarynyň dostluk forumy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçihanalary tarapyndan, Pakistanyň Milli halk we däp-dessur mirasy institutynyň ýardam bermeginde bilelikde guruldy.
Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Lok Wirsa muzeýiniň ýolbaşçylygynyň wekilleri, Pakistanyň döwlet we medeni edaralarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik-bilermenler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýygnananlary milli baýramçylyklar bilen gutladylar. Öz çykyşlarynda olar halklaryň arasynda dostlugy, özara hormaty we düşünişmegi pugtalandyrmakda medeni diplomatiýanyň hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtadylar.
Konsert maksatnamasynda milli lybasly pakistanly sungat işgärleriniň Merkezi Aziýa halklarynyň we Azerbaýjanyň däp bolan tanslaryny hem-de saz eserlerini ýerine ýetirmegi aýratyn orun eýeledi. Medeni çykyşlaryň hatarynda Türkmenistanyň milli medeni mirasynyň baýlygyny we özboluşlylygyny şöhlelendirýän «Küştdepdi» tansy hem ýerine ýetirildi.
Bu medeni çäräniň geçirilmegi Ýewraziýanyň medeni mirasynyň köpdürliliginiň aýdyň beýany bolup, Türkmenistan, Pakistan we sebitiň beýleki ýurtlarynyň halklarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşant goşdy.
PDF








