Hytaýyň BYD kompaniýasy geçen ýylyň soňky çärýeginde «Tesla»-dan öňe geçip, dünýäniň iň köp elektroulag satan brendi bolupdy. Bilermenler bäsdeşleriniň elektroulag satuwynda önümçiligi başlan wagtyndan bäri dünýäde öňdeligi eýeläp gelýän «Tesla»-dan ozmaklarynyň esasy sebäbiniň ulagyň bahasy bilen baglydygyny belleýärler. BYD we beýleki kompaniýalar has arzan elektroulag öndürýär. Hytaý brendiniň esasy artykmaçlygy diňe elektrik energiýasy bilen işleýän däl-de, gibrid ulaglary öndürmegidir. Islendik ýerde zarýad beketleriniň bolmazlygy dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglara islegi azaldýar.
Aýbölek YMMADOWA,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.