Oskarly aktrisa Jennifer Lawrens “The Flood” atly filmde baş keşbi janlandyrar. Meşhur aktrisanyň bu filmine “Ýaraglar”, “Elhençlikleriň mesgeni” filmleriniň režissýory bolan Zek Greggor režissýorlyk eder. Ylymy-fantastik triller görnüşdäki ekran eseri 2028-nji ýylyň 11-nji awgustynda prokatlara ýaýradylar. Geljek ýylyň başlarynda Ýewropada ekranlaşdyrylyp başlanjak filme Stiwen Spilberg prodýuserlik eder we kinony “Warner Bros.” hem-de “New Line” studiýalary kinoteatrlara paýlar.
PDF







