30-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Şener Jebeji bilen duşuşyk geçirildi.
M.Bäşimowa Ilçi Şener Jebejä diplomatik işinde üstünlikleri arzuw edip, mundan beýläk hem konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Syýasy-diplomatik dialogy we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem halkara meýdançalaryndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanmalaryny tassykladylar.
PDF








