29-njy maý­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da do­lan­dy­ry­jy «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy, saý­law­çy­la­ryň 40 gö­te­rim­den gow­rak se­si­ne eýe bol­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň ga­raş­syz saý­law to­pa­ry ha­bar ber­di. Ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, «Af­ri­ka mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy 6 mil­li­on 344 müň 57 ses bi­len öň­de­li­gi eýe­le­di. 2019-njy ýyl­da­ky saý­law­lar­da «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy 57,5 gö­te­rim se­se eýe bo­lup­dy. Bu sy­ýa­sy çä­re­de li­be­ral de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi 21,7 gö­te­rim se­se, öň­ki pre­zi­dent Jeý­kob Zu­ma­nyň çep­çi po­pu­listik par­ti­ýa­sy 14,8 gö­te­rim se­se eýe bol­dy.
Şeý­le hem 1994-nji ýyl­dan bä­ri ýur­dy do­lan­dyr­ýan «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­synyň il­kin­ji ge­zek ses­le­riň 50 gö­te­rim­den gow­ra­gy­ny alyp bil­män­di­gi we hä­ki­mi­ýet­de gal­mak üçin bi­le­le­şik dö­ret­mä­ge mej­bur bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Eý­ýäm, «De­mok­ra­tik bi­le­le­şik», do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa bi­len koa­li­si­ýa dö­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Bu sy­ýa­sy çä­rä­niň do­wa­myn­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da ha­sa­ba al­nan 28 mil­li­on saý­law­çy­nyň Mil­li as­samb­le­ýa­nyň 400 ag­za­sy­ny we ýur­duň do­kuz we­la­ýa­tyn­dan ka­nun çy­ka­ry­jy mas­la­ha­tyň 430 ag­za­sy­ny saý­la­mak üçin saý­law­la­ra gat­na­şan­dy­gy ha­bar be­ril­di.
Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň äh­lu­mu­my saý­law­la­ry 5 ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýär. Saý­law­çy­lar bel­li bir da­laş­gä­re däl-de, sy­ýa­sy par­ti­ýa ses ber­ýär­ler. «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy 1994-nji ýyl­dan bä­ri äh­li saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýär. Ýö­ne bu saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri­niň ge­çen ýyl­la­ra ga­ra­nyň­da, iň pes ne­ti­je­di­gi mä­lim edil­di.
2018-nji ýy­lyň 15-nji few­ra­lyn­da ýur­duň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne ozal­ky wi­se-pre­zi­den­t, «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­sy Si­ril Ra­ma­fo­sa saý­la­nyp­dy. Ol ýurt­da kor­rup­si­ýa bi­len bag­ly gö­reş­de ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­ýan li­der hök­mün­de ta­nal­ýar. Ol işin­den gid­ýändi­gi­ni mä­lim eden Jeý­kob Zu­ma­nyň ýe­ri­ne saý­la­nyp­dy.
Si­ril Ra­ma­fo­sa 1952-nji ýyl­da Ýo­hannes­burg şä­he­ri­niň tö­we­re­gin­de dog­ulýar. Ýur­duň Lim­po­pa uni­wer­si­te­ti­niň hu­kuk fa­kul­te­ti­ni ta­mam­lap, 1970-nji ýyl­lar­da sy­ýa­sy kar­ýe­ra­sy­na baş­lan Ra­ma­fo­sa 1991-nji ýyl­da Nel­son Man­de­la­nyň baş­lyk­ly­gyn­da­ky mil­li mas­la­hat­da «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy­nyň baş sek­re­tar­ly­gy­na saý­lan­ýar. 2014-nji ýyl­da bol­sa Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne bel­len­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Af­ri­ka­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky bu ýurt­da 60 mil­li­ona go­laý ilat ýa­şa­ýar.