«Hytaýyň «Chang’e-6» kosmiki gämisi ýany bilen topragyň gymmatly nusgalaryny alyp, Aýyň arka ýüzünden üstünlikli uçup gaýtdy» diýip, Hytaýyň Milli kosmos gullugy habar berdi. Modulyň esasy wezipesi taryhda ilkinji gezek iki günüň içinde Aýyň arka tarapyndan toprak nusgalaryny ýygnamak we Ýere dolanmakdyr.
2-nji iýunda «Chang’e-6» Aýyň arka tarapynda bellenen sebite gonup, Aýyň garaňky tarapyndaky missiýasyna başlady. Wençan hemra uçuryş merkezinden uçurylan «Chang’e-6» Aýyň ozal öwrenmäge elýeter bolmadyk tarapyndan nusgalary ýygnan ilkinji zond boldy. Apparat 2 kilogram töweregi Aý regolitini ýygnandan soň, Aýyň üstünden göterilip orbita çykdy.
Häzir orbitada apparatyň Ýere tarap ugur almak üçin, başga bir kosmos gämisi bilen sepleşmegine garaşylýar. Zond 25-nji iýunda Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitine gondurylar. Hytaýly hünärmenleriň sözlerine görä, «Chang’e-6»-nyň getirjek nusgalarynyň ylmy gymmatlygy häzirki wagtda ýaşy dört milliard ýyl töweregi diýlip çaklanylýan Günorta polýus – Eýtken basseýniniň geologiki ýaşyny kesgitlemekden ybarat. Bu ABŞ-nyň we ozalky SSSR-iň Aý missiýalary tarapyndan getirilen, takmynan, üç milliard ýyllyk nusgalaryndan, şeýle hem «Chang’e 5»-iň alan iki milliard ýyllyk nusgalaryndan has uludyr.
Orbitada öz kosmos stansiýasy bolan Aziýa ýurdy, 2030-njy ýyla çenli Aýa adam ibermegi meýilleşdirýär.