Soňky ýyllarda durmuşymyza giňden ornaşan ekranlar – telewizor, kompýuter, planşet, telefon kitap okamak endigimize öz täsirini ýetirýär. Elektron kitaphanalaryň hem-de elektron neşirleriň bardygyna garamazdan, kagyz kitaby okamagyň lezzeti başgaça. Okamak dünýä akyl ýetirmäge, kämilleşmäge we pikirleriňi täzelemäge ýol açýar. Kitap okamagy yzygiderli ýola goýmak kyn endikleriň biri bolsa-da, bilermenler kitap bilen dostlaşmagyň aňsat usullaryny salgy berýärler.
Maksat goýmak. Ilki bilen halaýan ýazyjylaryň kitaplarynyň sanawyny düzüp, her ýyl şunça kitap okaryn diýip öz öňüňde maksat goýmaly. Ilkibaşda kyn ýaly bolup görünse-de, kitaplaryň tagamyny dadyp başlanyňyzdan soň, maksadyňyza çalt ýetersiňiz. Hatda sanawdakydan daşgary kitaplary hem okap bilersiňiz. Okamaly kitaplaryňyzyň sanawyny hepdelik ýa-da bir aýlyk düzseňiz ýadamarsyňyz. Mundan başga-da, her gün 20 minut okamak, her hepde 50 sahypa okamak, her aý 2 roman okamak ýaly meýilnamalary hem goşup bilersiňiz.
Wagt aýyrmak. Okamak endigini ýola goýmak üçin her gün ofis we öý işinden daşary kitap okamak üçin wagt aýyrmaly. Muny möhüm iş ýa-da zerurlyk hökmünde kabul etmeli.
Gysga eserler bilen başlamak. Ilkibaşda kiçiräk hekaýadyr powestler ýygyndylaryny okamak kitap okamaga bolan höwesi artdyryp, özüňe bolan ynamy güýçlendirýär. Indi ýaltalyk, uklap galmak, ünsüň başga zatlara sowulmak ýaly ýagdaýlar aradan aýrylyp, kitaba başgaça göz bilen seredilip başlanýar. Netijede bolsa, uly göwrümli eserlere bolan isleg döreýär.
Sesli okamak. Kitaby gaty sesli okamak dymmakdan has gowy netije berýär. Agşam naharyndan soň otagyňyza geçip, kitaby sesli okasaňyz has gyzykly bolar. Kitaby sesli okanyňyzda eserdäki wakalara has anyk we täsirli göz ýetirersiňiz.
Kitaby ýanyňda götermek. Wagtyňy peýdaly we mazmunly geçirmek esasy zatlaryň biridir. Iş arasynda, uzak ýola gidilende we dynç alyşda boş wagtyň kitap okamak oňaýly netije gazanmaga mümkinçilik berýär.
Gyzykly bolmasa, başga kitap okamak. Käte kitabyň ady, daşky bezegi mazmunyna laýyk gelmän biler. Şeýle-de, käbir awtoryň filosofik pikirlerine we dünýägaraýşyna düşünmän bilersiňiz. Bu ýagdaýlar kitap okamaga bolan höwesi gaçyryp biler. Eger-de okaýan kitabyňyz «içgysgynç» görünýän bolsa, başga kitap bilen çalşyp bilersiňiz. Emma bir kitap sebäpli okamagy taşlamak ýalňyş çözgüt hasaplanýar.
Kitaphana döretmek. Kitap dükanlaryndan ýerli we daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryny satyn alyp, öýde kiçiräk kitaphana döretmek kitap okamagy has-da aňsatlaşdyrýar. Muňa ilki kitap tekjesini döretmekden başlap bilersiňiz. Öýünde kitaphanasy bolan adamlar köp zatdan habarly, okumyş ynsanlar hasaplanýar. Megerem, şeýle adamlaryň biri bolmak, şahsy kitaphanaňda oturyp kitap okamak hemmeler üçin ýakymly bolsa gerek.