Tomus paslynyň iň meşhur miwelerinden biri bolan ülje diňe bir tagamy bilen däl, eýsem, saglyga peýdasy bilen hem ünsi özüne çekýär. Bägülgüllüler maşgalasyna degişli bu ösümlik ylmy taýdan «prunus» diýlip atlandyrylýar. Üljäniň, esasan, süýji we turşy tagamly diýen iki görnüşi bolýar. Garamtyl we açyk gyzyl reňkli bu miwäniň ata Watany Kiçi Aziýa (Gara we Hazar deňziniň kenary) hasaplanýar. Witaminlere we ýokumly maddalara baý bu miwe Günbatar Aziýada we Ýewropada has köp ösdürilip ýetişdirilýär. Mes topragy we bol suwy halaýan ülje sowuk ýurtlarda has gowy bitýär. Düzüminde ýeterlik derejede şeker, A, C, E, K, B6 witaminini, kaliý, marganes, magniý, kalsiý, mis, demir we süýüm saklaýan bu miwäniň 100 gramynda 65 kaloriýa bar.
Üljäniň peýdaly taraplary:
Gany arassalaýar. Her gün ýeterlik derejede ülje iýmek bedenden artykmaç maddalary aýyrmaga ýardam edýär. Esasan hem, bu miwe gandaky zäherli maddalaryň hem-de nikotiniň täsirini peseldip, öýjükleriň zeperlenmeginiň öňüni alýar.
Böwrege peýdaly. Üljäniň düzümindäki kwin kislotasy böwrekde daş we duz emele gelmeginiň öňüni alýar. Böwrekde ýygnanan çökündileriň bedenden has aňsat bölünip çykmagyna ýardam edýär.
Gan basyşyny kadalaşdyrýar. Ülje gan basyşyny kadalaşdyryp, ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny azaldýar. Bu miwäniň düzümindäki C witamini we kaliý gan aýlanyşy üçin peýdaly bolup, damarlarda holesteriniň ýygnanmagynyň öňüni alýar.
Beýni üçin peýdaly. Üljäniň düzümindäki A, B witamini, kalsiý we fosfor ýaly minerallar beýniniň işjeňligi üçin peýdalydyr. Her gün bu miweden ýeterlik derejede iýmek çagalarda nerw kemçilikleriniň öňüni almaga we ýady gowulandyrmaga ýardam edýär. Bilermenler ýatkeşligi pes adamlara ülje iýmegi maslahat berýärler.
Kadaly ukyny üpjün edýär. Terligine, kakadylan we doňdurylan görnüşinde iýilýän bu miwe kadaly uklamaga ýardam edýär. Üljäniň düzümindäki melatonin gormony uky bozulmalarynyň öňüni alýar. Bilermenler ýatmazdan ozal, bir bulgur ülje şiresini içmegi maslahat berýärler.
Bedeni güýçlendirýär. Hünärmenleriň geçiren barlagyna görä, türgenleşikden we sport ýaryşlaryndan soň bir hepdäniň dowamynda ülje iýmek ýa-da ülje şiresini içmek myşsalary güýçlendirmäge ýardam edýär.
Käbir adamda miwe allergiýasy bolýar. Şeýle adamlara ülje iýmek maslahat berilmeýär. Şeýle hem aşgazanynda ýetmezçiligi bolan adamlar turşumtyk tagamly bu miwäni iýmekden saklanmaly.