(Tymsal)
Kiçiräk bir obanyň gyrasynda idi-yssywat edilmeýän bir öý bar eken. Bir gezek yssydan goranmak üçin gaçalga gözläp gelen güjüjek howlynyň gapysynyň aşagyndaky deşikden sümülip girýär. Güjük haýallyk bilen köne basgançak arkaly ýokary çykyp, ýarym açyk duran gapydan içerik äňedýär.
Içerde müňlerçe güjügiň mähir bilen özüne bakyp duranlygyna göz ýetiren güjük guýrugyny bulap, gulaklaryny üşerdende, müňlerçe güjüjek hem bu hereketi gaýtalaýar. Şatlyk bilen içerä bakyp üýren-de bolsa, has-da geňirgenipdir. Müňlerçe güjüjek hem şatlyk bilen bu mähremligi gaýtarypdyr. Güjük dynç alan wagty beýlekilerem dynç alypdyr. Haçan-da, güjük ol ýerini terk edende: «Nähili oňat ýer, bu ýere köpräk gelmeli» diýip pikir edipdir.
Birnäçe wagt geçenden soňra, bu ýere başga bir güjük giripdir-de, müňlerçe güjügi görüp, eýmenipdir, çünki olar oňa hyrsyz seredipdirler. Güjük hyňranyp başlanda, müňlerçe güjük hem hyňranyp ugrapdyr. Güjük gorkunjyna otagdan gaçyp çykanda, «Nähili gorkunç ýer eken, gaýdyp dagy-duwara bu ýere gelmesem gerek» diýip, pikir ýöredipdir.
***
Tutuş dünýäniň ýüzi – aýna ýaly. Biz öz içimizde göterýän ýüzümizi, käwagt öz erkimize garşy durup, şol dünýä görkezýäris. Dünýä bize berýän zadymyzy – hereketlerimizi we boluşlarymyzy gaýtaryp berýär. Eger-de, dünýäniň bize gülüp bakmagyny isleýän bolsak, onda biziňem güler ýüzümiz bolmaly.