Ýurtlary, deňizdir derýalary, dagdyr düzlükleri öwrenmekde Ýeriň kiçeldilen nusgasy hasaplanýan globusdan giňden peýdalanylýar. Kartadan tapawutlylykda globus planetamyzyň suduryny şekillendirip bilýär. Globusyň haýsy nusgasyny satyn alanyňyzda-da, ony uzak wagtlap ulansa bolýar. Eýsem, ilkinji globus haçan ýasaldyka?
Biziň günlerimize gelip ýeten iň gadymy globus 1492-nji ýylda nemes akyldary, matematigi, geografy we jahankeşdesi Martin Behaým (1459-1507 ý.)
tarapyndan ýasalypdyr. Oýlap tapyjy ilkinji globusy göläniň derisinden gaty çekdirip, beýikli-pesli metala berkidip ýasapdyr. Şol döwürler asman giňişligi we planetamyz barada o diýen köp maglumat bolmandyr. «Ýer almasy» atly bu globusyň diametri 54 santimetre barabar bolupdyr. Ol häzirki wagtda Germaniýanyň Nýurnberg şäherindäki muzeýde saklanýar. XVI-XVII asyrlarda globuslar köpçülikleýin ýaýrap başlaýar. Ýeriň kiçeldilen nusgasy köşklerde, döwlet edaralarynda, akyldarlardyr täjirleriň öýlerinde saklanypdyr. Käbir globus has uly bolup, onda diňe bir Ýer şarynyň üstki gatlagyny däl-de, eýsem, her döwlete mahsus aýratynlyklary hem görüp bolupdyr.
Soňlugy bilen niderland ussalary hem haşamlanan globuslary ýasapdyrlar. Bu globuslar gymmat we örän seýrek duş gelýän sowgat hasaplanypdyr. Globuslaryň arasynda iň meşhury diametri 311 santimetre barabar bolan, nemes alymy Adam Olşlegelem tarapyndan 1664-nji ýylda ýasalan Gottorpskiý globusydyr. Dünýäde iň uly globus 1998-nji ýylda ABŞ-da ýasalypdyr. Onuň diametri 12,5 metre deň. Globus latynça «şar» diýmekdir. Globusda Ýeri üç ölçegli ýagdaýda has aýdyň görmek bolýar.