7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly saklanýandygyny belledi.
2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar—maý aýlarynda jemi öndürilen önümiň möçberi artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy.
Wise-premýer Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň bäş aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,8 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 52-siniň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 480,8 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleriniň alnyp barlandygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň ýanwar—maý aýlarynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,2 göterime, çykdajy bölegi 97,6 göterime deň boldy. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilendigini aýdyp, wise-premýere mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 7,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5,4 göterime deň boldy. Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.