Eýran Yslam Respublikasynda dalaşgärligi soňky sanawa girizilen alty syýasatçynyň saýlawlardan öňki kampaniýasy resmi taýdan başlandy we iki hepde dowam eder. Bu barada ýurduň saýlaw ştabynyň wekili Mohsen Eslami aýtdy.
9-njy iýunda Eýranyň Gözegçilik geňeşiniň metbugat sekretary Hadi Tahan-Nazif döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda Geňeşiň möhletinden öň Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin hasaba alnanlaryň dalaşgärligini barlamak işlerini tamamlandygyny habar berdi.
“Prezidentlige dalaşgärleriň saýlaw kampaniýasy, içeri işler ministrligi tarapyndan atlarynyň yglan edilen senesinden resmi taýdan başlandy we ses berişlik başlamazdan 24 sagat öň, ýagny 27-nji iýunda irden tamamlanar” diýip, Eýranyň döwlet teleýaýlymy IRIB Mohsen Eslaminiň sözlerine salgylandy.
Eýranyň saýlaw ştabynyň wekili Mohsen Eslami prezidentlige dalaşgärleriň iň soňky sanawyna girizilen alty syýasatçynyň atlaryny göni ýaýlymda okady. Olar içeri işler ministrliginiň öňki başlygy Mostafa Purmohammadi, Yslam Respublikasynyň howpsuzlyk geňeşindäki ruhy lideriň wekili Said Jalili, mejlisiň häzirki başlygy Mohammed Bager Galibaf, Tähranyň häkimi Alireza Zakani, Eýranyň öňki saglygy goraýyş we lukmançylyk ministri Masud Pezeşkiýan, şeýle hem şehidler we weteranlar gaznasynyň başlygy Amir-Huseýin Gazizade-Haşemi.
Beýleki bir döwlet habarlar agentligi “Mehr”, Eýranyň tanymal iki syýasatçysynyň – öňki Prezident Mahmud Ahmedinežadyň we mejlisiň öňki başlygy Ali Larijaniniň dalaşgärliginiň iýun aýynyň ahyrynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşmak mümkinçiliginiň ýokdugyny habar berdi. Olaryň gözegçilik geňeşi tarapyndan tassyklanmandygy, ýagny dalaşgärleriň soňky sanawyna goşulmandygy habar berildi.
Eýranyň Konstitusiýasynyň 131-nji maddasyna laýyklykda, nobatdan daşary Prezident saýlawlary, Prezidentiň aradan çykandygy yglan edilenden 50 günüň içinde geçirilmeli. Bu wezipäni häzirki wagtda prezidentiň birinji orunbasary Mohammed Mohber ýerine ýetirýär.
Saýlaw senenamasyna laýyklykda, dalaşgärleriň hasaba alynmagy 30-njy maýdan 3-nji iýuna çenli aralykda geçirilip, dalaşgärleriň talaplara laýyklygyny barlamak 4-nji iýundan 9-njy iýuna çenli geçirildi, şondan soň dalaşgärleriň atlarynyň soňky sanawy yglan edildi.
Saýlawdan öňki kampaniýalar iki hepdeläp – 9-njy iýundan 27-nji iýuna çenli aralykda geçiriler. Saýlawlardan bir gün öň “dymyşlyk güni” yglan edilip, şol döwürde saýlaw kampaniýasyny geçirmek gadagan ediler. Prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler. Zerur halatynda 5-nji iýulda ikinji tapgyr geçiriler.