Şu gün — Koreýa Respublikasynyň Baştutanynyň ýurdumyza döwlet saparynyň jemleýji gününde Prezident Ýun Sok Ýoluň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Forum Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Belent mertebeli myhmanyň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda onuň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy göz öňünde tutulýar. Onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem dostlukly günortanlyk nahary berler.