7-nji iýunynda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebinde sportuň kikboksing, dzýudo görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bu sport bäsleşiginde 2010 – 2016-njy yyllarda doglan yaş yetginjek türgenler – 18, 20, 22, 24, 27, 30, 33, 36,39, +45 agramlarda çykyş etdiler. Ýaryşa jemi 38 türgen gatnaşyp, netijede olaryň 10-sy – Hydyr Merdanow, Mergen Toýlyýew, Serdar Berdiýew, Rowaç Şamuhammedow, Rüstem Atabaýew, Isgender Döwletjanow, Hydyr Hydyrow, Ýazgeldi Sapargylyjow, Ilaman Annagurbanow, Umyt Nurmuhammedow birinji orna mynasyp boldular. Şeýle hem ýaş türgenlerden 10 sanysy ikinji orny, 10 sanysy bolsa üçünji orny eýelediler.
Bu bäsleşik sport mekdebiniň 2024-nji ýylyň iýun aýyndaky iş meýilnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesli beden we ruhy taýdan terbiýeläp ýetişdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak, ýaşlary sportuň kikboksing, dzýudo görnüşlerine giňden çekmek we türgenleşigini kämilleşdirmek, türgenleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, agzybirligi berkitmek, ýaş türgenleri ýüze çykarmak we saýlap seçip almak maksady bilen geçirildi.
Begli Annamämmedow,
Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymy.