Futbol boýunça 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Aziýa zolagynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Netijede, 9 toparçanyň hersinden 2 ýygyndy ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy. Toparçalarda 3-4-nji ýeri eýelänler bolsa Aziýa Kubogy 2027-niň 3-nji saýlama tapgyryndan ýaryşa başlarlar.

Toparçalarda 5-6-njy duşuşyklar geçirilip, 18 ýygyndy 3-nji saýlama tapgyryna ýollanma aldy. Şol 18 ýygyndy 6 toparly 3 toparça paýlanar. Olaryň bijesi 27-nji iýunda Kuala Lumpurda geçiriljek dabarada belli bolar.

“A” toparçadaky soňky 2 oýunda Owganystan bilen myhmançylykda golsuz deňme-deň oýnan Kataryň ýygyndysy öz meýdançasynda Hindistany 2-1 hasabynda ýeňdi. Toparçadan Katar 1-nji, Kuweýt 2-nji bolup, çykmagy başardy. “B” toparçada ilki Siriýany myhmançylykda, soňra öz meýdançasynda Mýanmany 5-0 hasaplar bilen ýeňen Ýaponiýanyň ýygyndysy gol geçirtmezden 18 utuk bilen 1-nji orny eýeledi. 1-nji oýunlarda-da garşydaşlaryny 5-0 hasaplar bilen ýeňen ýaponlardan soň Demirgazyk Koreýanyň ýygyndysy toparçada 2-nji orna mynasyp boldy. “C” toparçada Singapuryň derwezesinden jogapsyz 7 gol geçiren Günorta Koreýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda-da Hytaýy Li Kan-Iniň goly esasynda ýeňip, 16 utuk bilen 1-nji orny eýeledi. 8 utukly 2 topardan Hytaý özara duşuşyklarda Tailanddan öňe saýlanyp, Dünýä Kubogynyň 3-nji saýlama tapgyryna çykdy. “D” toparçada Omanyň ýygyndysy Al-Muşaifiriniň het-trigi bilen Hytaý Taýpeini 3-0 hasabynda ýeňdi. Gyrgyzystan bolsa Malaýziýa bilen 1-1 deňme-deň oýnady. 6-njy duşuşyklarda Oman bilen Gyrgyzystan utuklary paýlaşyp, iki topar 1-2-nji orunlary eýelediler. Oman 13, Gyrgyzystan 11 utuk bilen ýaryşy dowam eder.

“E” toparçada Eýran bilen Özbegistanyň ýygyndylarynyň 3-nji tapgyra çykandygy ozal belli bolupdy. 5-nji duşuşyklarda Eýran myhmançylykda Mehdi Tareminiň 2-si penaltiden het-trik eden duşuşygynda Gonkongy 4-2, Özbegistan öz meýdançasynda Türkmenistany 3-1 hasabynda ýeňipdi. 6-njy duşuşyklarda-da (Eýran – Özbegistan, Türkmenistan – Gonkong) hasap açylmady. “F” toparçada Indoneziýany 2-0, Wýetnamy-da 3-1 hasaplar bilen ýeňen Yragyň ýygyndysy 1-nji orny eýeledi. Filippinlerden 2-0 hasabynda üstün çykan Indoneziýa toparçada 2-nji orny eýeläp, Dünýä Kubogyna gatnaşmak ugrundaky ýoluny dowam eder. “G” toparçada 5-nji duşuşyklarda Saud Arabystany myhmançylykda Pakistany, Iordaniýa bolsa öz meýdançasynda Täjigistany 3-0 hasaplar bilen ýeňdi. 6-njy duşuşyklarda Iordaniýa myhmançylykda Saud Arabystanyny Olwan hem-de Al-Rawabdehiň gollary esasynda 2-1 ýeňip, toparçada 1-nji orny eýeledi. Deň utugy bolan Saud Arabystany 2-nji ýere mynasyp boldy. “H” toparçada myhmançylykda Nepaly 4-0 ýeňen BAE-niň ýygyndysy öz meýdançasynda Bahreýn bilen deňme-deň oýnap, ilkinji utuklaryny ýitirdi. Toparçada BAE 16, Bahreýn 11 utuk topla, 3-nji saýlama tapgyryna çykdylar. “I” toparçada Awstraliýanyň ýygyndysy hem gol geçirtmezden ähli duşuşygynda ýeňiş gazanyp, 1-nji orny eýeledi. Awstraliýaly futbolçylar 22 gol geçirip, olaryň ýaponlardan 2 goly az boldy. Awstraliýanyň ýygyndysy soňky 2 duşuşygynda ilki myhmançylykda Bangladeşi 2-0, öz meýdançasynda-da Palestinany 5-0 hasaplar bilen ýeňdi. 5-nji oýunlarda Liwan bilen golsuz deňme-deň oýnan Palestinanyň ýygyndysy toparçada 2-nji ýeri eýeledi. Liwanyň soňky tapgyrda Bangladeşi 4-0 ýeňmegi olara ýaryşy dowam etdirmek üçin ýeterlik bolmady.