Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň!
Tomus aýlarynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen egin-eşikleri geýiň.
Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň.
Günüň dowamynda azyndan 5-6 sany gök önüm we ýeterlik miwe iýiň.
Günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyna üns beriň. Gök we miwe önümleri kabul edeniňizde, gigiýeniki talaplary berk berjaý ediň.
Her gün gerekli mukdarda 2 litrden az bolmadyk arassalanan agyz suwuny içiň.
Tomus paslynda şöhlat önümlerini we beýleki tiz taýýarlanýan iýmitleri dowamly iýmekden saklanyň.
Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içiň.
Iýmit zäherlenmeleriň öňüni almak maksady bilen, iýmitiň ýaramlylyk möhletine we saklanyş derejesine aýratyn üns beriň.
Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasyny baglanyşyp, döredilen ýeňilliklerden peýdalanyp, ýylda bir gezek ýurdumyzdaky şypahanalarda dynç alyň we saglygyňyzy berkidiň.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.