Ýokary tizlikli ulaglaryň az sanlysyny çykarmagy bilen tanalýan «Ferrari» kompaniýasy 2025-nji ýyla çenli ilkinji elektroulagyny öndürmegi meýilleşdirýär. Superkar öndürijisiniň ilkinji elektroulagynyň bahasynyň 500 müň ýewro boljakdygy bellenilýär. Maglumatlara görä, italýan brendi bu modeli öndürmek üçin aýratyn zawod gurar. Häzirki wagtda «Ferrari» ulaglary ortaça, 350 müň ýewrodan satylýar. «Porsche» kompaniýasynyň «Taycan» atly elektroulagy bolsa 100 müň ýewro töweregi bahadan satylýar. Geçen ýyl «Ferrari» 14 müňe golaý awtoulag satdy. Kompaniýanyň elektroulag çykarmagy bilen bu görkezijiniň 20 müňe ýetmegine garaşylýar.
Aýgözel REJEPOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.