ABŞ-daky ýangyn howpsuzlyk bölümindäki çyra 1901-nji ýyldan bäri ýagtylyk berýär.
Ýurduň Kaliforniýa ştatyndaky ýangyn howpsuzlyk bölümindäki çyra 116 ýyldan bäri öçmän, ýanmagyny dowam edýär. Ol şu wagta çenli belli döwürlerde 3 gezek emele gelen elektrik bökdençlikleri zerarly öçüpdir.
Çyra 1901-nji ýylda ýangyn howpsuzlyk bölüminiň patologyna asylypdyr. Bu çeýe çyranyň täsin hekaýasy hemmeleri haýran galdyrýar. Ony Adolf Çailet atly adam ýasapdyr. Ol çyrany oýlap tapan Tomas Edison bilen bäsdeşlik eden telekeçileriň biridir. Adolf Çailet 1901-nji ýylda öz ýasan çyrasyny şol ýangyn howpsuzlyk bölümine sowgat edipdir. Ol ilkinji ýyllarynda 60 wat güýjünde işlän bolsa, häzir bu görkeziji 4 wata deňdir.
Adolf Çailetiň ýasan bu çyrasy Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilipdir.