Soňky ýyllarda adamlaryň aglaba bölegi sport bilen meşgullanmaga uly üns berip, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýär. Öýde, açyk howada, türgenleşik meýdançalarynda, sport zallarynda, umuman islendik ýerde sport bilen meşgullanmak özüňi fiziki we ruhy taýdan has gujurly duýmaga mümkinçilik berýär. Dünýäde her möwsüm sport bilen türgenleşmegiň täze modasy döredilýär. Moda türgenleşik görnüşlerini we usullary özünde jemleýän hereketlerden düzülýär. Bu ýyl sport türgenleşiklerinde näme moda? Geliň, fitnes tälimçileriniň hödürleýän täze türgenleşik usullary bilen tanyş bolalyň!
Sport enjamlarynyň we sport bilen meşgullanmagyň dürli görnüşleridir usullarynyň bardygyna garamazdan, ýylyň-ýylyna ýene-de täze usullar ýüze çykýar. Hatda ol usullar ýylyň sport modasyna öwrülýär. Şu ýyl diwar pilatesleri (hereket ulgamynyň, dem almagyň we deňagramlylygyň utgaşmasy) ýylyň sport modasy bolup, biz muny «diwar maşklary» diýip hem alyp bileris. Bu maşklar sport enjamlary ulanylmazdan ýerine ýetirilip, esasan, diwardan peýdalanylýar. Bedeniň çydamlylygyny güýçlendirýän diwar maşklary öýde ýerine ýetirmek üçin amatly hasaplanýar.
– Diwar maşklaryny ýerine ýetirmek üçin sport enjamlary zerur däl. Diwaryň hapalanmazlygy üçin ýüzüne mata tutup, maşklara başlabermeli – diýip, sport hünärmenleri belleýärler. Pilates ýönekeýje maşklardan başlap, çylşyrymly, hatda ýerine ýetirmesi kyn maşklara çenli dowam edip biler. Diwar maşklaryny dogry ýerine ýetirmek esasy şertleriň biri bolup, türgenleşiji diwara daýanmak bilen eli ýa-da aýagy bilen dürli hereketleri edýär. Ýalňyş hereketler myşsalaryň süýnmegine, bogunlara zeper ýetmegine getirip bilýär. Şol sebäpli diwar maşklaryny saglyk ýagdaýyňa hem-de başarnygyňa görä ýerine ýetirmeli. Pilates deňagramlylygy saklamagy talap edýän, bedeniň ähli myşsalaryny herekete getirýän, bil-oňurga süňklerine peýdaly sport görnüşidir.
Sport hünärmenleriniň maslahaty:
Diwar maşklaryny ilkinji gezek ýerine ýetirýän bolsaňyz, sport hünärmeniniň gözegçiliginde synap görmegi ýatdan çykarmaň! Hünärmenler diwar maşklarynyň nähili ýagdaýda dogry ýerine ýetirilýändigini öwreder hem-de degişli maslahatlary berer.
Diwar maşklaryna başlamazdan ozal, ýeňiljek maşklary ýerine ýetirmeli. Sebäbi pilates bilen bada-bat meşgullanyp başlamak käbir şikeslenmelere (gypjynma, damarlaryň çekilmegi, myşsalaryň süýnmegi) sebäp bolup biler.
Diwar maşklaryny her gün ýerine ýetirmek maslahat berilmeýär. Hepdede 2-3 gezek pilates bilen meşgullanmak kadaly hasaplanýar.
Pilates bilen meşgullanyp bolanyňyzdan soň, 10-15 minut uzalyp ýatmaly. Uzalmak bedeniň rahatlanmagy we deriň gaýdyşmagy üçin peýdalydyr. Türgenleşigiň yzýany ýuwunmakdan saklanmaly.