29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäräleriň çäklerinde şäher häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, watandaşlarymyzy ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine “Arkadag” adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle hem teleskopy we onuň düşüren suratlaryny ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak hakynda çözgüt kabul edildi.
Dabara gatnaşyjylar ähli bilim işgärlerini, uniwersitetiň professor-mugallymlaryny, talyplaryny bu ajaýyp waka bilen gutladylar. Soňra degişli güwänama gowşuryldy.